Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Owganystanyň Prezidenti: TOPH -- geljekki nesillerimiz üçin hyzmatdaşlygyň binýady
Syýasy habarlar
Owganystanyň Prezidenti: TOPH -- geljekki nesillerimiz üçin hyzmatdaşlygyň binýady
Çap edildi 23.02.2018
1826

“Bu gün biz diňe bir gaz geçirijisiniň gurluşygynyň düýbüni tutmak bilen çäklenmän, eýsem, geljekki nesillerimiz üçin binýady, hyzmatdaşlygyň binýadyny goýýarys” diýip, Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani TOPH taslamasynyň nobatdaky tapgyrynyň durmuşa geçirilmegine başlanmagyna bagyşlanan dabarada aýtdy. Owgan lideri sebit ösüşi nukdaýnazaryndan şu günki wakanyň ägirt uly ähmiýetini belledi: «Hindistandan, Pakistandan we beýleki ýurtlardan başlap, Günorta Aziýa döwletleri ähli ugurlarda döwletara gatnaşyklaryny işjeň ösdürýärler. Şol bir wagtyň özünde Merkezi Aziýa Günorta Aziýanyň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär. Merkezi Aziýa sebiti netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda köpri bolup hyzmat edýär». Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan oýlanyşykly daşary syýasaty Owganystan üçin örän möhümdir diýip, OYR-niň Prezidenti sözüni dowam etdi we biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanmak bilen belledi. Şol gatnaşyklar bolsa ikitaraplaýyn görnüşde hem-de sebit we köptaraplaýyn derejede netijeli ösdürilýär. Owgan Lideri Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilendigini belläp, munuň diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýanyň üstünligidigini nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli we parasatly syýasaty sebitde örän möhüm ähmiýete eýedir diýip, Mohammad Aşraf Gani aýtdy we ykdysadyýetiň okgunly ösmeginiň, durmuş babatda durnuklylygyň hem-de ägirt uly kuwwatyň bolmagynyň häzirki Türkmenistanyň aýratyn alamatlary bolup durýandygyny nygtady. Owgan Lideri Türkmenistanyň Hökümetiniň syýasatynyň hem-de TOPH gaz geçirijisini gurmak işinde ädilen ädimleriň möhüm ähmiýete eýedigine aýratyn ünsi çekdi. OYR-nyň Prezidenti türkmen tarapyna bu taslamany durmuşa geçirmäge saldamly goşandy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza tutuş sebit üçin uly ähmiýete eýe bolan bu taslamany mundan beýläk-de goldamak baradaky haýyş bilen ýüzlendi. Häzirki döwürde TOPH diňe bir gaz geçirijisi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurtlary birleşdirýän geçelge bolup hyzmat etmelidir. Bu diňe bir ykdysady taslama bolmak bilen çäklenmän, eýsem, syýasy ähmiýetli taslamadyr. Gaz geçirijisiniň ugrunda elektrik geçiriji, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurulmagy Türkmenistany, Merkezi Aziýany Çabahar porty bilen baglanyşdyrmaga mümkinçilik berer, şunda Owganystan sebitiň döwletleriniň arasynda köpri bolar diýip, Mohammad Aşraf Gani belledi we baştutanlyk edýän ýurdunyň birleşdiriji merkeziň wezipesini ýerine ýetirmäge doly taýýardygyna ynandyrdy.

Soňky habarlar
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow