Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Serhetabat-Turgundy täze türkmen-owgan demir ýoly boýunça otlylaryň hereketi açyldy
Ykdysadyýet
Serhetabat-Turgundy täze türkmen-owgan demir ýoly boýunça otlylaryň hereketi açyldy
Çap edildi 23.02.2018
2304

Şu gün TOPH gaz geçirijisiniň täze böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralaryň çäklerinde Serhetabat-Turgundy demir ýoly ulanmaga berildi. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýurdumyza gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi hem-de Hindistan Respublikasynyň Daşary işler döwlet ministri Mobaşar Jawed Akbar gatnaşdylar. Serhet ýakasyndaky Serhetabat türkmen stansiýasyndan goňşy Owganystanyň Hyrat welaýatyna şu gün ilkinji demir ýol wagonlarynyň düzümi ugrady. Täze polat ýoly boýunça ilkinji gezek daşalan ýükleriň hatarynda Türkmenistanda öndürilen nebit önümleri, azyk we senagat harytlary, gurluşyk serişdeleri boldy. Doganlyk owdan halkyna hemmetaraplaýyn kömek we goldaw berýän Türkmenistan täze türkmen-owgan ýolunyň gurulmagyny dolulygyna öz içine aldy. 2017-nji ýylyň noýabr aýynyň ortalarynda Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahaty şu meselelere bagyşlanyp, şonda tutuş sebit üçin ähmiýetli ylalaşyklar gazanyldy. Eýýäm şol aýyň ahyrynda türkmen demirýolçylary Owganystanyň Turgundy şäherine çenli polat ýoly gurmaga girişdiler. Ine, bu gün bolsa ol ulanmaga berildi. Owganystanyň sebitde köp şahaly ulag düzümini döretmek taslamalaryna çekilmegi bilen, bu ýurt özüniň geografiki amatlyklaryny Ýewraziýa kontinentinde ulag-üstaşyr merkezi hökmünde ulanmaga ajaýyp mümkinçilik alar.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow