Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga aldy
Syýasy habarlar
TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga aldy
Çap edildi 23.02.2018
2202

Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda şäherinde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň täze böleginiň gurluşygyna badalga berildi, şeýle hemTürkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbi tutuldy. Şunuň bilen birlikde Serhetabat-Turgundy demir ýoly ulanmaga berildi. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi hem-de Hindistan Respublikasynyň Daşary işler döwlet ministri Mobaşar Jawed Akbar gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bar. Bu ýere ýygnananlaryň arasynda, şeýle hem ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, birnäçe ýurtlaryň wekiliýetleriniň baştutanlary, abraýly halkara maliýe düzümleriň, şol sanda Aziýa we Yslam ösüş banklarynyň, daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar. Dabaranyň dowamynda teleköpri geçirilip, onuň üsti bilen bu ýere ýygnananlar TOPH energiýa geçirijisiniň nobatdaky böleginiň iki polat turbalarynyň seplenilişiniň kebşirlenilişine, elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň düýbüniň tutulyşynyň başlanyşyna syn etdiler. Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygyna 2015-nji ýylyň dekabr aýynda badalga berildi. Uzynlygy 1840 kilometre ýetiriljek gaz geçiriji doly ulanmaga berlenden soň, ýylda 33 milliard kub metr türkmen tebigy gazyny akdyrmaga mümkinçilik dörär.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow