Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Azi­ýa ösüş ban­ky­nyň we­ki­li­ni ka­bul et­di
Syýasy habarlar
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Azi­ýa ösüş ban­ky­nyň we­ki­li­ni ka­bul et­di
Çap edildi 22.02.2018
1938

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Azi­ýa ösüş ban­ky­nyň Mer­ke­zi we Gün­ba­tar Azi­ýa bo­ýun­ça de­par­ta­men­ti­niň baş di­rek­to­ry Wer­ner Li­pa­gy ka­bul et­di. Myh­man ýüz­be-ýüz du­şuş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin türk­men Li­de­ri­ne ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy öň­de bol­jak şan­ly wa­ka­lar — Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň tä­ze des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na, Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­my­nyň hem-de bu ugur bo­ýun­ça op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň çe­kil­me­gi­ne ba­dal­ga be­ril­me­gi, şeý­le hem Ser­he­ta­bat — Tur­gun­dy de­mir ýo­lu­nyň açyl­ma­gy bi­len gut­la­dy. Wer­ner Li­pak, hu­su­san-da, gaz ge­çi­ri­ji­niň ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aý­dyp, Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik iş­le­riň pa­ra­hat­çy­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na hyz­mat ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di hem-de TOPH hal­ka­ra gaz ge­çi­ri­ji­si­niň ug­ry bo­ýun­ça ener­gi­ýa tas­la­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­ti­niň ýurt­la­ry üçin di­ňe bir üs­ta­şyr ge­çel­gä­ni üp­jün et­män, köp ýurt­lar üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow myh­man bi­len mä­hir­li sa­lam­la­şyp, AÖB-niň ýol­baş­çy­la­ry­na hyz­mat­daş­ly­ga oňyn çe­me­le­şil­ýän­di­gi üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, Azi­ýa ösüş ban­ky ýa­ly iri ma­li­ýe dü­zü­mi­niň TOPH gaz geçiriji tas­la­ma­sy­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy­ny ma­li­ýe­leş­dir­mä­ge gat­naş­ýan­dy­gy­na ýo­ka­ry ba­ha ber­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu iri hal­ka­ra ma­li­ýe gu­ra­ma­sy bi­len bi­le­lik­dä­ki işiň oňyn tej­ri­be­si­niň top­la­nan­dy­gy­ny bel­läp, ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek ba­ra­da­ky pi­ki­ri be­ýan et­di. Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da Wer­ner Li­pak ägirt uly yk­dy­sa­dy we se­riş­de­ler kuw­wa­ty­na eýe bo­lan, dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de özü­ni jo­gap­kär­li hem-de yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş hök­mün­de gör­ke­zen ýur­du­myz bi­len işe­wür­lik gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň gel­je­gi­niň ulu­dy­gy­ny bel­läp, mil­li Li­de­ri­mi­zi öň­de bol­jak ta­ry­hy wa­ka­lar bi­len ýe­ne bir ge­zek gut­la­dy.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow