Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ys­lam ösüş ban­ky­nyň ýol­baş­çy­sy­ny ka­bul et­di
Syýasy habarlar
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ys­lam ösüş ban­ky­nyň ýol­baş­çy­sy­ny ka­bul et­di
Çap edildi 22.02.2018
2173

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Ys­lam ösüş ban­ky­nyň wi­se-pre­zi­den­ti Man­sur Muh­ta­ry ka­bul et­di, ol ägirt uly hal­ka­ra äh­mi­ýet­li da­ba­ra­ly çä­re­le­re gat­naş­mak üçin Türk­me­nis­ta­na gel­di. Myh­man ýüz­be-ýüz du­şuş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy öň­de bol­jak şan­ly wa­ka­lar — Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň no­bat­da­ky tap­gy­ry­nyň gur­lu­şy­gy­nyň baş­la­nyl­ma­gy­na ba­dal­ga be­ril­me­gi, bu ener­ge­ti­ka ge­çi­ri­ji­si­niň ug­ry bo­ýun­ça elekt­rik ge­çi­ri­ji hem-de op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry­nyň çe­kil­me­gi­ne gi­ri­şil­me­gi, şeý­le hem Ser­he­ta­bat — Tur­gun­dy de­mir ýo­lu­nyň açyl­ma­gy my­na­sy­bet­li gut­la­dy. Man­sur Muh­tar YÖB-niň ýur­du­myz bi­len bu tas­la­ma­ny hem-de beý­le­ki mö­hüm äh­mi­ýet­li des­ga­la­ry ama­la aşyr­mak­da işe­wür hyz­mat­daş­lyk ed­ýän­di­gi­ne buý­san­ýan­dy­gy­ny bel­läp, Azi­ýa se­bi­ti­niň mun­dan beý­läk-de yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň, onuň ila­ty­nyň dur­muş aba­dan­çy­ly­gy­nyň ös­me­gi­niň ke­pi­li hök­mün­de gel­jek­ki gaz ge­çi­ri­ji­si­niň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Ys­lam ösüş ban­ky­nyň bu iri möç­ber­li tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ni gol­da­ýan­dy­gy, şeý­le hem şu ge­zek­ki da­ba­ra­la­ra gat­naş­ma­ga ça­ky­ly­gy ka­bul eden­di­gi üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, myh­ma­na bu çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi üçin Ma­ry şä­he­ri­niň saý­la­nyp al­nan­dy­gy­nyň se­bä­bi ba­ra­da gys­ga­ça gür­rüň ber­di. Bu şä­her dür­li ta­ry­hy dö­wür­ler­de Merw ýa-da Ma­ru-Şa­hu Ja­han diý­lip at­lan­dy­ryl­dy. Bu top­rak­da dün­ýä si­wi­li­za­si­ýa­la­ry­nyň bi­ri eme­le gel­di, ga­dy­my­ýet­de hem-de or­ta asyr­lar­da bu ýer­de dür­li döw­let­ler gül­läp ös­di, Merw bol­sa tu­tuş Gün­do­ga­ryň aja­ýyp ylym we me­de­ni­ýet mer­ke­zi­ne öw­rül­di. Mu­ňa hä­zir­ki Ma­ry şä­he­rin­den uzak bol­ma­dyk kün­jek­ler­de sak­la­nyp ga­lan ar­heo­lo­gi­ýa we bi­na­gär­lik ýa­dy­gär­lik­le­ri hem şa­ýat­lyk ed­ýär. Bi­ziň gün­le­ri­miz­de bu se­bit dün­ýä­de iň iri “Gal­ky­nyş” gu­ry­ýer gaz kä­ni hök­mün­de hem meş­hur­dyr, bu gaz kä­ni de­ňiz aşagyn­da­ky äh­li kän­le­riň sa­na­wyn­da hem möç­beri bo­ýun­ça dün­ýä­de ikin­ji or­ny eýe­le­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz YÖB-niň işi­ne, Türk­me­nis­tan bi­len bu ab­raý­ly hal­ka­ra ma­li­ýe eda­ra­sy­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ýe­ti­len de­re­je­si­ne, onuň TOPH gaz geçiriji tas­la­ma­sy­nyň iler­le­dil­me­gi­ne, şeý­le hem mö­hüm bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na goş­ýan uly go­şan­dy­na ýo­ka­ry ba­ha ber­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da, my­sal üçin, Ga­za­gys­tan — Türk­me­nis­tan — Eý­ran de­mir ýo­ly bar. Bu we beý­le­ki de­mir ýol­lar bo­ýun­ça eý­ýäm yzy­gi­der­li ýük gat­naw­la­ry ýo­la go­ýul­dy, ýa­kyn­da Hy­taý­dan Eý­ra­na çen­li sy­nag ýük dü­züm­le­ri ge­çi­ril­di. YÖB-niň gat­naş­ma­gyn­da no­bat­da­ky iri möç­ber­li tas­la­ma­nyň — TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy uzak möh­let­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gyň, se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dur­nuk­ly­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň ke­pi­li bo­lar, se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň halk­la­ry­na ýy­ly­lyk, ýag­ty­lyk hem-de dö­re­di­ji­lik kuw­wa­ty­ny eçi­ler di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň Ys­lam ösüş ban­ky bi­len stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gyň ta­rap­da­ry bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Özi üçin ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len Mer­wiň şöh­rat­ly ta­ry­ha bes­le­nen top­ra­gyn­da şu gün­ler ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­la­ra gat­naş­ma­gyň uly mer­te­be bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­läp, Man­sur Muh­tar ça­ky­lyk üçin ýe­ne bir ge­zek ho­şal­ly­gy­ny be­ýan et­di we öza­ra gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi üçin ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny aýt­dy. Myh­man şeý­le hem YÖB-niň pre­zi­den­ti, dok­tor Ban­dar Al Ha­ja­ryň adyn­dan türk­men Li­de­ri­ne mä­hir­li sa­lam we iň go­wy ar­zuw­la­ry ýe­tir­di. Türk­men hal­ky­nyň yk­dy­sa­dy taý­dan ok­gun­ly ösü­şi hem-de aba­dan­çy­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy ýur­duň Baş­tu­ta­ny­nyň tä­ze­çil we oý­la­ny­şyk­ly sy­ýa­sa­ty bi­len şert­len­di­ri­len­dir hem-de biz Türk­me­nis­ta­nyň gel­jek­de hem üs­tün­lik­li ös­jek­di­gi­ne ynan­ýa­rys we bi­ziň ban­ky­my­zyň gel­jek­ki tas­la­ma­la­ra gat­naş­ma­gy­ny özü­miz üçin be­lent mer­te­be ha­sap­la­ýa­rys di­ýip, myh­man YÖB-niň iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy tä­ze de­re­jä çy­kar­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy. Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy, hu­su­san-da, se­bit äh­mi­ýet­li gel­je­gi uly mak­sat­na­ma­la­ry ma­li­ýe­leş­dir­mek ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy. Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da myh­man Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ni no­bat­da­ky hal­ka­ra tas­la­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne ba­dal­ga be­ril­me­gi bi­len ýe­ne bir ge­zek gut­lap, YÖB-niň öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­dy hem-de türk­men ba­za­ry­nyň aý­ra­tyn özü­ne çe­ki­ji­li­gi­ni, bu ýer­de şol san­da amat­ly ma­ýa go­ýum ýag­da­ýy­ny hem öz içi­ne al­ýan işe­wür­li­gi ýö­ret­mek üçin aň­ry­baş oňyn şert­le­riň dö­re­di­len­di­gi­ni bel­le­di.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow