Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “СNH In­dust­rial” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we­ki­li­ni ka­bul et­di
Syýasy habarlar
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “СNH In­dust­rial” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we­ki­li­ni ka­bul et­di
Çap edildi 20.02.2018
2239

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow “СNH In­dust­rial” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Azi­ýa — Ýu­waş um­many se­bi­ti bo­ýun­ça baş ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Ste­fa­no Pam­pa­lo­ne­ni ka­bul et­di. Myh­man wagt ta­pyp ka­bul eden­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, Türk­me­nis­ta­nyň “Açyk ga­py­lar” sy­ýa­sa­ty­na esas­lan­ýan da­şa­ry yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy­nyň iş­jeň hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni nyg­ta­dy. Ste­fa­no Pam­pa­lo­ne­niň bel­leý­şi ýa­ly, onuň we­kil­çi­lik ed­ýän kom­pa­ni­ýa­sy hä­zir­ki dö­wür­de tu­tuş dün­ýä­de yg­ty­bar­ly we gel­je­gi uly hyz­mat­daş hök­mün­de yk­rar edi­len hem-de ägirt uly se­riş­de we yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­re eýe bo­lan Türk­me­nis­tan bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­ga uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow uzak­ möh­let­le­ýin esas­da ýo­la go­ýul­ýan iki­ta­rap­la­ýyn işe­wür gat­na­şyk­la­ryň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. Mil­li Li­de­ri­miz döw­let dur­mu­şy­nyň mö­hüm ugur­la­ryn­da düýp­li öz­gert­me­le­riň tap­gyr­la­ýyn esas­da ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, ýur­du­my­zyň giň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ň gi­ňel­dil­me­gi­ne, dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­ri­niň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Ýur­du­my­zyň da­şa­ry ýurt­la­ryň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ma­ga uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni bel­läp, türk­men ta­ra­py­nyň ge­lip go­wuş­ýan äh­li tek­lip­le­ri iş­jeň öw­ren­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da myh­man döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy tä­jir­çi­lik ulag ugur­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak­da, gur­lu­şyk teh­ni­ka­la­ry­ny, oba ho­ja­lyk mak­sat­ly ýö­ri­te uly se­riş­de­le­ri­ iber­mek­de dün­ýä­de öň­de­ba­ry­jy­la­ryň ha­ta­ry­na gir­ýän “СNH In­dust­rial” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň işi­niň esa­sy ugur­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow we ýur­du­myz bi­len 25 ýyl bä­ri hyz­mat­daş­lyk ed­ýän bel­li kom­pa­ni­ýa­nyň we­ki­li pi­kir alyş­ma­la­ryň do­wa­myn­da yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li ugur­la­ryn­da­ky ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň gel­je­gi­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Ste­fa­no Pam­pa­lo­ne ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan iri tas­la­ma­la­ryň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň döw­let ösü­şi­niň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny we mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne kom­pa­ni­ýa­nyň iş­jeň gat­naş­ma­ga gy­zyk­lan­ma­la­ry­ny na­za­ra al­mak bi­len, bir­nä­çe anyk tek­lip­le­ri aýt­dy. Mil­li Li­de­ri­miz azyk howp­suz­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­giniň türk­men döw­le­ti­niň ösü­şi­niň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­läp, hä­zir­ki dö­wür­de oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň düýp­li döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na, mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň ber­ki­dil­me­gi­ne, şol san­da ulag se­riş­de­le­ri­niň döw­re­bap de­re­je­de en­jam­laş­dy­ryl­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Hut şu ugur­da öza­ra gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di. Şol bir wag­tyň özün­de oba­se­na­gat top­lu­my üçin da­şa­ry ýurt­la­ryň ugur­daş ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de ýo­ka­ry hü­när­li iş­gär­le­riň taý­ýar­la­nyl­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Da­şo­guz­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­tyn­da ýö­ri­te okuw-usu­ly­ýet mer­ke­zi açy­lyp, on­da türk­men ta­lyp­la­ry­nyň hä­zir­ki­ za­man teh­ni­ka­la­ry­ny iş­jeň öw­ren­me­gi üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­dil­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň ýur­du­my­zyň top­rak-ho­wa şert­le­ri­ne la­ýyk gel­me­gi­niň, ola­ryň ýo­ka­ry hi­li­niň, kö­pu­gur­ly­ly­gy­nyň we yg­ty­bar­ly­ly­gy­nyň oba­se­na­gat top­lu­my­nyň tä­ze­çil usul­da in­že­ner­çi­lik-teh­ni­ki taý­dan üp­jün­çi­lik me­se­le­le­ri­niň çö­zül­me­gin­de esa­sy ta­lap bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Işe­wür öz ge­ze­gin­de we­kil­çi­lik ed­ýän kom­pa­ni­ýa­sy­nyň bil­di­ril­ýän yna­ma buý­san­ýan­dy­gy­ny nyg­tap, mun­dan beý­läk-de hyz­mat­daş­lyk borç­na­ma­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne örän jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­leş­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy. Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow we “СNH In­dust­rial” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we­ki­li iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň gel­jek­de-de üs­tün­lik­li ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow