Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
2017-nji ýylyň ýylýazgysy: obasenagat toplumy
Ykdysadyýet
2017-nji ýylyň ýylýazgysy: obasenagat toplumy
Çap edildi 20.02.2018
2428

Wa­ta­ny­my­zyň ta­ry­hy­na röw­şen sa­hy­pa bo­lup gi­ren 2017-nji ýyl köp san­ly mö­hüm wa­ka­la­ra baý bol­dy. «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2018 — 2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy» ka­bul edil­di. Şol mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da, oba­se­na­gat önüm­çi­li­gin­de hem hil taý­dan ok­gun­ly ösüş ga­zan­ma­ly, ýur­du­my­zyň je­mi içer­ki önü­min­de oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň pa­ýy­ny ep-es­li art­dyr­ma­ly. Oba­se­na­gat top­lum­ynda döw­le­ti­mi­ziň azyk howp­suz­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň eks­port kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga, ila­tyň azyk ha­ryt­la­ry­na hem-de se­na­ga­tyň çig ma­la bo­lan is­le­gi­ni ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga, se­bit­le­ri hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­lip ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­re tä­ze dep­gin be­ril­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan kes­git­le­ni­len il­kin­ji no­bat­da­ky we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da oba ho­ja­ly­gy­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, önüm­çi­lik, guş­çu­lyk, mal­dar­çy­ly­gyň et we süýt önüm­çi­li­gi­ni, oba ho­ja­lyk ul­ga­my­nyň azyk we beý­le­ki pu­dak­la­ry­ny dep­gin­li ös­dür­mek ýa­ly we­zi­pe­ler bar. Oba ho­ja­ly­gy­nyň do­lan­dy­ry­ly­şy­ny hem-de dü­züm­le­ýin öz­ger­dil­me­gi­ni kä­mil­leş­dir­mek, ýer we suw se­riş­de­le­ri­ni oý­la­ny­şyk­ly peý­da­lan­mak, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mak­sa­dy bi­len anyk çä­re­ler gö­rül­ýär. Türk­me­nis­tan­da oba­se­na­gat top­lu­my­ny döw­let ta­ra­pyn­dan gol­da­ma­gyň bi­te­wi ul­ga­my iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy we ne­ti­je­li he­re­ket ed­ýär. Onuň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri ma­ýa goý­mak­dan yba­rat­dyr. Şol ma­ýa go­ýum­lar oba­se­na­gat top­lu­my­nyň hem-de hyz­mat ediş pu­dak­la­ry­nyň dü­zü­mi­ni döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga, teh­ni­ki taý­dan gaý­ta­dan en­jam­laş­dyr­ma­ga, şol san­da oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­leý­ji kär­ha­na­la­ry, mi­ne­ral dö­kün­le­ri ön­dür­mek bo­ýun­ça za­wod­la­ry gur­ma­ga gö­nük­dir­ýär. Ýer­le­ri suw­lu­lan­dyr­ma­ga we iş­läp be­jer­mä­ge, to­hum­çy­ly­gy, yl­my we seç­gi­çi­li­gi ös­dür­mä­ge, öň­de­ba­ry­jy se­riş­de tyg­şyt­laý­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, iň tä­ze yl­my-teh­ni­ki iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry or­naş­dyr­ma­ga uly ma­li­ýe se­riş­de­le­ri bö­lü­nip be­ril­ýär. Şo­nuň bi­len bir­lik­de, “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2020-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin re­je­le­nen gör­nüş­dä­ki mil­li mak­sat­na­ma­nyň” dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän ýyl­la­ryn­da di­ňe bir önüm­çi­lik ul­ga­my däl, eý­sem, dur­muş dü­züm­le­ri hem ösü­şiň tä­ze dep­gi­ni­ne eýe bol­dy. Oba adam­la­ry­nyň dur­mu­şy ýyl-ýyl­dan bar­ha kä­mil­leş­ýär, ola­ryň dur­muş hal-ýag­da­ýy ýo­kar­lan­ýar. Ýa­şaý­şy­nyň hi­li we de­re­je­si bo­ýun­ça oba şä­he­re bar­ha ýa­kyn­laş­ýar. Oba ho­ja­lyk önüm ön­dü­ri­ji­le­ri üçin döw­let kö­mek pul­la­ry hem-de sal­gyt ýe­ňil­lik­le­ri ha­ky­ky hö­wes­len­di­ri­ji bo­lup hyz­mat ed­ýär, hu­su­san-da, oba ho­ja­ly­gy bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ra ýer üçin tö­le­giň iň pes möç­be­ri kes­git­len­di, olar sal­gyt tö­le­mek­den do­ly bo­şa­dyl­dy. Teh­ni­ka, to­hum, mi­ne­ral dö­kün­ler, ösüş su­wy we hyz­mat­la­ryň beý­le­ki gör­nüş­le­ri bi­len üp­jün et­mek hem kä­ren­de­çi­le­re we daý­han bir­le­şik­le­ri­ne ýe­ňil­lik­li şert­ler­de ama­la aşy­ryl­ýar. Mun­dan baş­ga-da, oba ho­ja­lyk tas­la­ma­la­ry­na ýe­ňil­lik­li karz ber­me­giň ul­ga­my giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Şol tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi üçin mi­nistr­lik­le­re, pu­dak eda­ra­la­ryna we kär­ha­na­la­ra, Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry­na hem-de daý­han ho­ja­lyk­la­ry­na ze­rur bo­lan ýer bö­lek­le­ri bö­lü­nip be­ril­ýär. My­sal üçin, ge­çen ýy­lyň mart aýyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Ka­ra­ra gol çek­di. Şol res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, daý­han bir­le­şik­le­ri­ne, daý­han ho­ja­lyk­la­ry­na, oba ho­ja­lyk paý­dar­lar jem­gy­ýet­le­ri­ne, oba ho­ja­lyk yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry­na, mülk­dar­la­ra, kä­ren­de­çi­le­re, hu­su­sy te­le­ke­çi­le­re — oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­re hem-de döw­le­te de­giş­li bol­ma­dyk ýu­ri­di­ki ta­rap­la­ra ýe­ňil­lik­li karz ber­mä­ge bank­la­ra yg­ty­ýar be­ril­di. Bu karz pul­lar oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny, gu­ral­la­ry­ny we se­riş­de­le­ri­ni, suw tyg­şyt­laý­jy teh­ni­ka­la­ry, en­jam­la­ry, su­wa­ryş­da ula­nyl­ýan tur­ba­la­ry sa­tyn al­ma­ga ýyl­lyk 1 gö­te­rim şer­tin­de 10 ýyl möh­le­te be­ril­ýär. Ýyl­lyk 5 gö­te­rim şer­tin­de 10 ýyl möh­le­te çen­li bo­lan ýe­ňil­lik­li karz­la­ry mal­dar­çy­ly­gy we guş­çu­ly­gy ös­dür­mek, gaý­ta­dan iş­le­mek we hyz­mat­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ryny ama­la aşyr­mak, şeý­le hem esa­sy se­riş­de­le­ri we em­lä­gi edin­mek üçin al­mak bol­ýar. Bir­nä­çe ýy­lyň do­wa­myn­da oba ho­ja­lyk önüm­çi­li­gin­de bin­ýat­lyk gör­ke­zi­ji­le­riň ösü­şi ha­sa­ba alyn­ýar. Ine, 2017-nji ýyl­da oba­se­na­gat top­lu­my bo­ýun­ça önüm ön­dür­me­giň, iş­le­ri we hyz­mat­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň möç­ber­le­ri­niň ösüş dep­gi­ni 103,8 gö­te­ri­me deň bol­dy. 2016-njy ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, unuň ön­dü­ri­li­şi­niň möç­be­ri 4,2 gö­te­rim, ma­ka­ron önüm­le­ri­niň ön­dü­ri­li­şi­niň möç­be­ri 5,3 gö­te­rim, etiň ön­dü­ri­li­şi 1,1 gö­te­rim, ýu­murt­ga­nyň ön­dü­ri­li­şi 7 gö­te­rim, bak­ja önüm­le­ri­niň ön­dü­ri­li­şi 4,2 gö­te­rim, mi­we­le­riň we gök önüm­le­riň ön­dü­ri­li­şi 1,1 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy. Ge­çen ýyl ýer eýe­le­ri Wa­tan har­ma­ny­na saý­la­ma bug­da­ýyň 1 mil­lion ton­na­dan gow­ra­gy­ny hem-de pag­ta çig ma­ly­nyň bir mil­lion 100 müň ton­na­dan gow­ra­gy­ny tab­şyr­dy­lar. Olar bel­le­nen möh­let­ler­de güýz­lük bug­da­ýyň eki­şi­ni ge­çi­rip, gel­jek­ki ha­sy­lyň oňat esa­sy­ny tut­du­lar. Ýur­du­my­zyň bug­daý eki­len meý­dan­la­ry 760 müň gektar meý­da­ny tut­ýar. Şon­ça meý­dan­dan 2018-nji ýyl­da daý­han­lar 1 mil­lion 600 müň ton­na bug­daý, şol san­da Ahal we­la­ýa­tyn­da 450 müň ton­na, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da 380 müň ton­na, Le­bap we­la­ýa­tyn­da 350 müň ton­na, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da 300 müň ton­na we Bal­kan we­la­ýa­tyn­da 120 müň ton­na bug­daý ýyg­nap al­ma­gy mak­sat edin­ýär­ler. “John Dee­re W540” we “TUCANO 430” (“CLA­AS”) dä­ne ýy­gy­jy kom­baýn­lar, “John Dee­re 9970” pag­ta ýy­gy­jy kom­baýn­lar, ýer sü­rü­ji “John Dee­re 8245R” trak­tor­la­ry, “AXOS 340 CX” (“CLA­AS”) kö­pu­gur­ly trak­tor­lar we beý­le­ki tä­ze döw­re­bap teh­ni­ka­lar bug­daý ora­gy, pag­ta ýy­gy­my we ekiş möw­süm­le­rin­de meý­dan­la­ra çy­ka­ry­lyp, oba ho­ja­lyk­çy­la­r üçin oňat gol­daw bol­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2016-njy ýy­lyň de­kab­ryn­da gol çe­ken Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, Oba we suw ho­ja­ly­gy mi­nistr­li­gi oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny, gu­ral­la­ry­ny, lä­bik so­ru­jy­la­ry hem-de olar üçin äti­ýaç­lyk şaý­la­ry­ we sarp ediş se­riş­de­le­ri­ni 2017 — 2020-nji ýyl­lar­da üç tap­gyr­da Türk­me­nis­ta­na ge­tir­mek şer­tin­de sa­tyn al­mak ba­ra­da “Umax Tra­de GmbH” (Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­kasy) we “John Dee­re In­ter­na­tio­nal GmbH” (Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy) kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len şert­na­ma­la­ry bag­laş­dy. Mun­dan baş­ga-da, Öz­be­gis­tan­dan Daş­ken­diň oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry za­wo­dyn­da çy­ka­ryl­ýan “MX-1,8” ky­sym­ly pag­ta ýy­gy­jy kom­baýn­la­ryň 500-si sa­tyn alyn­dy. Zäh­me­tiň ýo­ka­ry de­re­je­de me­ha­ni­za­si­ýa­laş­dy­ryl­ma­gy we aw­to­ma­ti­za­si­ýa­laş­dy­ryl­ma­gy oba ho­ja­lyk önüm­çi­li­gi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni hem-de daý­han­la­ryň dur­mu­şy­nyň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň mö­hüm ug­ru­dyr. Bu ul­gam­da mak­sa­da gö­nük­di­ri­len çä­re­ler oba­da iş­çi hü­när­le­ri­niň ab­ra­ýy­ny gal­dyr­ma­ga, ýaş iş­gär­le­ri işe çek­mä­ge hem-de ila­tyň iş bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di. Hä­zir ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da tarp ýer­ler öz­leş­di­ril­ýär. Bug­daý we pag­ta bi­len bir ha­tar­da ýe­ral­ma, şu­gun­dyr, şa­ly, mek­ge­jö­wen, mäş, no­hut, kün­ji, ar­pa, da­ry, beý­le­ki gök önüm we dä­ne ekin­le­ri, şeý­le hem ga­wun we gar­pyz ýe­tiş­dir­mek üçin ýer­ler bö­lü­nip be­ril­ýär, tä­ze bag­lyk­la­ryň we üzüm­çi­li­giň düý­bi tu­tul­ýar. Bu­la­ryň äh­li­si oba ho­ja­ly­gy­ny teh­ni­ki taý­dan en­jam­laş­dyr­ma­gyň de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ma­gy ta­lap ed­ýär, döw­re­bap teh­ni­ka­la­ra, kä­bir teh­no­lo­gi­ki iş­le­ri me­ha­ni­za­si­ýa­laş­dyr­ma­gyň we aw­to­ma­ti­za­si­ýa­laş­dyr­ma­gyň se­riş­de­le­ri­ne bo­lan is­le­gi şert­len­dir­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň oba ho­ja­lyk ul­ga­my­nyň köpugur­ly hä­si­ýe­ti­ni na­zar­da tu­ta­nyň­da, ýer eýe­le­ri­ne oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň we en­jam­la­ry­nyň dür­li gör­nüş­le­ri­niň on­lar­ça­sy ze­rur­dyr. In­no­wa­sion esas­da oba­se­na­gat top­lu­my­nyň in­že­ner­çi­lik-teh­ni­ki üp­jün­çi­li­gi­niň me­se­le­le­ri­ni çöz­mek bi­len go­wu­lan­dy­ry­lan iş hä­si­ýet­na­ma­la­ry bo­lan iň tä­ze ky­sym­ly teh­ni­ka­la­ry sa­tyn alyp, döw­le­ti­miz, şol san­da meý­dan iş­le­ri­ni has oňaý­ly ag­ro­teh­ni­ki möh­let­ler­de hem-de ýo­ka­ry hil­li ge­çir­me­giň ha­sa­by­na oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň ön­dü­ri­li­şi­niň möç­ber­le­ri­ni dur­nuk­ly kö­pelt­mek üçin şert­le­ri dö­red­ýär. Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan oba ho­ja­lyk­çy­la­ryň ön­dü­ri­ji­li­gi­ni hem-de hü­när de­re­je­si­ni art­dyr­mak, ola­ryň zäh­met şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak me­se­le­le­ri­ne uly üns be­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň ýü­pek­çi­le­ri ge­çen ýyl mö­hüm zäh­met ýeň­şi­ni ga­zan­dy­lar. Olar döw­le­te 2 müň 40 ton­na go­laý pi­le tab­şy­ryp, şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ren­dik­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler. Ýur­du­my­zyň ýü­pek­çi­lik pu­da­gy mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na dep­gin­li geç­ýän şert­le­rin­de özü­niň bäs­le­şi­ge ukyp­ly­ly­gy­ny art­dyr­ýar. Tut agaç­la­ry­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek­den, gur­çuk­la­ry iý­mit­len­dir­mek­den baş­lap, pi­lä­niň, soň­ra bol­sa ýü­pek çig ma­ly­nyň alyn­ma­gy­na hem-de taý­ýar önü­miň çy­ka­ryl­ma­gy­na çen­li ýü­pek önüm­çi­li­gi­niň äh­li dü­züm­le­ri­niň iş­le­ri döw­re­bap ta­lap­la­ra la­ýyk­lyk­da ýo­la go­ýul­dy. Oba ho­ja­lyk işe­wür­li­gi­ne, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän önüm­le­riň ýe­ri­ni tu­tup bil­ýän önüm­le­ri ön­dür­mek hem-de Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ril­ýän eks­port önüm­le­riniň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça Döw­let mak­sat­na­ma­la­rynyň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na yk­dy­sa­dy­ýe­tiň hu­su­sy ul­ga­my­nyň we­kil­le­ri iş­jeň go­şu­lyş­ýar­lar. Hu­su­san-da, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň kär­ha­na­la­ry ta­ra­pyn­dan ge­çen ýyl 2 mil­liard 287,2 mil­lion ma­nat­lyk oba ho­ja­lyk we azyk önüm­le­ri ön­dü­ril­di. Mu­nuň özi 2016-njy ýyl­da­ky­dan 73,7 gö­te­rim köp­dür. Soň­ky ýyl­la­ryň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de we­la­ýat­lar­da iri un üwe­ýän, mal­dar­çy­lyk, guş­çu­lyk we ýy­la­dyş­ha­na top­lum­la­ry gu­rul­dy. Olar­da baý öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­re da­ýan­ýan tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar or­naş­dy­ryl­ýar. Döw­let-hu­su­sy gat­na­şyk­la­ryň çäk­le­rin­de oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­ýän we te­bi­gy se­riş­de­ler­den ýo­ka­ry hil­li azyk önüm­le­ri­ni taý­ýar­la­ýan on­lar­ça kär­ha­na­lar gu­rul­dy. Bu ugur­da­ky iş­ler yzy­gi­der­li do­wam ed­ýär. Ge­çen ýyl­da Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän “Döw­let­li” daý­han bir­le­şi­gin­de tä­ze ýy­la­dyş­ha­na ho­ja­ly­gy peý­da bol­dy. Bu iri top­lum ýur­du­my­zyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy bo­lan “Al­tyn ga­la gur­lu­şyk” hu­su­sy kär­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan gu­rul­dy. 4 gek­tar meý­da­ny bo­lan ýy­la­dyş­ha­na­dan bir ýyl­da 800 ton­na po­mi­dor al­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şeý­le hem bu ýer­de ýer­li we da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ri­len to­hum­lar ýy­la­dyş­ha­na şert­le­rin­de ýe­tiş­di­ril­ýär. Ma­ry şä­he­rin­de gök önüm­le­riň 3 müň ton­na­sy­ny sak­la­ma­ga ni­ýet­le­nen döw­re­bap so­wa­dy­jy am­mar ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Tä­ze top­lum Azyk se­na­ga­ty döw­let bir­le­şi­gi­niň bu­ýur­ma­sy esa­syn­da ýer­li hu­su­sy gur­lu­şyk kär­ha­na­sy­nyň hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan gu­rul­dy we ol Ger­ma­ni­ýa, Gol­lan­di­ýa, Tür­ki­ýe ýa­ly öň­de­ba­ry­jy önüm ön­dü­ri­ji­le­riň ýö­ri­te­leş­di­ri­len en­jam­la­ry bi­len üp­jün edil­di. Am­mar­da ula­nyl­ýan komp­ýu­ter­leş­di­ri­len so­wa­dy­jy ul­ga­myň işi ne­ti­je­sin­de bu ýer­de sak­lan­ýan önüm­le­riň we mi­we­le­riň gör­nüş­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da 23 so­wa­dy­jy ka­me­ra­lar­da ho­wa­nyň ýag­da­ýy we çyg­ly­ly­gy oňyn de­re­je­de sak­lan­ýar. So­gan we ýe­ral­ma üçin ni­ýet­le­nen des­ga­lar aý­ra­tyn wen­til­ýa­si­ýa ul­ga­my bi­len en­jam­laş­dy­ryl­dy. Mu­nuň özi önüm­le­riň ba­zar­lyk gör­nü­şi­ni we hi­li­ni uzak wagt­lap sak­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Top­lum­da önüm­le­ri saý­la­mak we gap­la­mak üçin üç sa­ny aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ul­gam he­re­ket ed­ýär. Äh­li am­mar­lar tek­je­ler we önüm­le­ri hem-de mi­we­le­ri sak­la­mak üçin ni­ýet­le­nen gap­lar bi­len üp­jün edil­di. Sarp edi­ji­le­re önüm­le­ri ug­rat­mak we el­tip ber­mek üçin ýük­çi-elekt­ro­kar­lar hem-de dür­li ýük­gö­te­ri­ji­li­gi bo­lan aw­to­ref­ri­že­ra­tor­lar bar. Şeý­le hem top­lu­myň çä­gin­de döw­re­bap teh­ni­ki se­riş­de­ler bi­len üp­jün edi­len eda­ra bi­na­sy bo­lup, on­da Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň “Mi­we” oba ho­ja­lyk se­na­gat bir­le­şi­gi ýer­leş­ýär. Bu ýer­de am­ma­ra ge­ti­ril­ýän hem-de söw­da mer­kez­le­ri­ne, ba­zar­la­ra ug­ra­dyl­ýan ter önüm­le­riň we mi­we­le­riň hi­li­ni bar­la­ýan bar­lag­ha­na he­re­ket ed­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça her ýyl­da we­la­ýa­tyň çä­gin­de iň go­wy et­rap ýa-da şä­her de­re­je­si­ni al­mak üçin bäs­le­şik yg­lan edil­ýär. Onuň şert­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da et­ra­byň dur­muş-yk­dy­sa­dy we me­de­ni gör­ke­zi­ji­le­ri jem­le­nip al­ynýar. 2017-nji ýy­lyň jem­le­ri bo­ýun­ça şeý­le bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­si diý­lip Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň We­kil­ba­zar et­ra­by yg­lan edil­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň buý­ru­gy­na la­ýyk­lyk­da, bu et­ra­byň hä­kim­li­gi ABŞ-nyň 1 mil­lion dol­la­ry möç­be­rin­dä­ki pul sy­la­gy­na my­na­syp bol­dy. Mil­li par­la­men­ti­miz ta­ra­pyn­dan bir­nä­çe ka­da­laş­dy­ryş-hu­kuk na­ma­la­ry ka­bul edil­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da “Ýer ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ko­dek­si­ne üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny bar. Hu­su­san-da, bu res­mi­na­ma oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek bo­ýun­ça şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny bäş ýy­lyň do­wa­myn­da döw­let bu­ýur­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren daý­han­la­ra ýer­le­ri uzak ­möh­let­le­ýin esas­da kä­ren­dä ber­mek, oba ho­ja­lyk paý­dar­lar jem­gy­ýet­le­ri­ni dö­ret­mek üçin hu­kuk bin­ýa­dyny eme­le ge­tir­ýär. Mu­nuň özi di­ňe bir hu­su­sy ýer eýe­le­ri­niň däl, eý­sem, öz­baş­dak ýer eýe­le­ri­niň, kuw­wat­ly daý­han ho­ja­lyk­la­ry­nyň we bir­le­şik­le­ri­niň eme­le gel­me­gi­ni şert­len­di­rer. Mun­dan baş­ga-da, mil­li ka­nun­çy­ly­gyň üs­ti “Döw­let ýer ka­dast­ry ha­kyn­da”, “Dä­ne­çi­lik ha­kyn­da”, “Pag­ta­çy­lyk ha­kyn­da”, “Me­de­ni ösüm­lik­le­riň ge­ne­tik se­riş­de­le­ri­ni ýyg­na­mak, sak­la­mak we ne­ti­je­li peý­da­lan­mak ha­kyn­da”, “Eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy ha­kyn­da” ýa­ly Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ry bi­len ýe­ti­ril­di. 2017-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan baş­lap, ýur­du­my­zyň suw se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­mak we aýaw­ly sak­la­mak, oba ho­ja­lyk önüm­çi­li­gi­niň saz­la­şyk­ly ösü­şi­niň mö­hüm şer­ti bo­lup dur­ýan su­wa­rym­ly ýer­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak we­zi­pe­le­ri­niň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gi ug­run­da­ky mö­hüm ädim bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň suw ko­dek­si he­re­ke­te gi­ri­zil­di. Soň­ky ýyl­lar­da bu ugur­da ägirt uly iş­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Äh­li ýer­de suw tyg­şyt­laý­jy teh­no­lo­gi­ýa or­naş­dy­ryl­ýar, tä­ze suw how­dan­la­ry gu­rul­ýar we ozal bar bo­lan­la­ry gi­ňel­dil­ýär. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň suw se­riş­de­le­ri bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­ma­ga we ola­ryň ýe­ter­lik gor­la­ry­ny sak­la­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. “Türk­me­nis­ta­nyň ilat­ly ýer­le­ri­ni aras­sa agyz su­wy bi­len üp­jün et­mek ha­kyn­da­ baş mak­sat­na­ma­nyň” we “Türk­me­nis­tan­da suw se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­mak we 2015 — 2020-nji ýyl­lar­da Ga­ra­gum der­ýa­sy­nyň suw ge­çi­ri­ji­lik uky­by­ny ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­riň mak­sat­na­ma­sy­nyň” çäk­le­rin­de iri ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­rynyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu me­se­le­le­re yzy­gi­der­li üns ber­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Şeý­le­lik­de, ge­çen ýyl­da Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Çär­jew et­ra­byn­da ýer­li ila­ty ýo­ka­ry hil­li agyz su­wy bi­len üp­jün et­mä­ge ni­ýet­le­nen suw aras­sa­laý­jy des­ga­lar top­lu­my ulan­ma­ga be­ril­di. Oba ýer­le­ri­ne suw ge­çi­ri­ji ul­gam­la­ry çe­ki­len tä­ze top­lu­myň tas­la­ma kuw­wa­ty gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da 30 müň kub metr su­wa ba­ra­bar­dyr. Onuň teh­no­lo­gik gör­ke­zi­ji­le­ri su­wy sak­la­mak, süz­mek we zy­ýan­syz­lan­dyr­mak ýa­ly, bir­nä­çe aras­sa­la­ýyş tap­gyr­la­ry­ny göz öňün­de tut­ýar. Äh­li iş­ler komp­ýu­ter ul­ga­my ar­ka­ly do­lan­dy­ryl­ýar. Top­lum on­lar­ça döw­re­bap so­ru­jy gur­na­ma­lar, süz­güç­ler, ener­ge­ti­ki, bar­lag­ha­na en­jam­la­ry we ABŞ, Ger­ma­ni­ýa ýa­ly bel­li önüm ön­dü­ri­ji­le­riň gu­ral­la­ry bi­len üp­jün edil­di. Hä­zir­ki dö­wür­de iri gid­ro­teh­ni­ki des­ga ha­sap­la­nyl­ýan “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­niň ikin­ji no­bat­da­ky­sy­nyň gur­lu­şy­gy bat­ly dep­gin­ler­de al­nyp ba­ryl­ýar. Dre­naž kol­lek­tor­la­ry­nyň saz­la­şyk­ly işi ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­dan şor suw­lar kö­le ak­dy­ryl­ýar. Mu­nuň özi ýe­ras­ty suw­la­ryň de­re­je­si­niň pe­sel­me­gi­ni, ýer­le­riň su­wa­ryş ýag­da­ýy­nyň go­wu­lan­ma­gy­ny, oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ha­syl­ly­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­ny, ýer­li ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si­niň baý­laş­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär. Mun­dan baş­ga-da, dün­ýä­de iň uly çöl­le­riň bi­ri ha­sap­la­nyl­ýan Ga­ra­gu­muň mer­ke­zin­de tä­ze kö­lüň dö­re­dil­me­gi ýur­du­my­zyň daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ýö­rel­ge­si­niň baş şer­ti bo­lup dur­ýar we ol di­ňe bir ýur­du­my­zyň däl, eý­sem, tu­tuş se­bi­tiň eko­lo­gi­ýa de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Mil­li to­kaý mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de paý­tag­ty­my­zyň we se­bit­ler­dä­ki ilat­ly ýer­le­riň tö­we­rek­le­rin­de gök zo­lak­la­ry, oba ho­ja­lyk meý­dan­la­ry­nyň go­rag to­kaý çäk­le­ri­ni dö­ret­mek, dag ar­ça­la­ry­nyň, çöl­dä­ki sa­zak­la­ryň we ke­nar ýa­ka­la­ryn­da­ky ýyl­gyn zo­lak­la­ry­nyň di­kel­dil­me­gi bo­ýun­ça bir­nä­çe mö­hüm we­zi­pe­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de Aş­ga­bat bag­lyk şä­her ha­sap­la­nyl­ýar. Tom­suň ys­sy gün­le­rin­de hem bu ýer­de dö­re­di­len gök zo­lak­la­r, suw çüw­dü­rim­le­ri, owa­dan gül­ler gö­zü­ňi do­kun­dy­ryp, ýa­kym­ly gur­şa­wy eme­le ge­tir­ýär. Ar­ça­la­ryň, ser­wi­le­riň to­kaý­la­ry, şeý­le hem owa­dan gül­ler otur­dy­lan çäk­ler paý­tag­ty­myz­da öz­bo­luş­ly gö­zel­lik dö­red­ýär. Kö­pet­da­gyň ete­gin­de sa­ýa­ly we pür­li agaç na­hal­la­ry­nyň çäk­le­ri ýyl-ýyl­dan gi­ňel­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, soň­ky ýyl­lar­da bu ýer­ler­de dür­li guş­la­ryň we beý­le­ki jan­dar­la­ryň sa­ny­nyň ar­tan­dy­gy du­ýul­ýar. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Gy­zyl ki­ta­by­na gi­ri­zi­len, seý­rek duş gel­ýän gör­nüş­le­ri hem bar. Hä­zir­ki dö­wür­de to­kaý zo­lak­la­ry, se­ýil­gäh­ler we gök zo­lak­la­ry ýur­du­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de, hat­da çet­dä­ki kün­jek­ler­de hem on­lar­ça gek­tar­la­ra uza­ýar. 2017-nji ýy­lyň köp­çü­lik­le­ýin bag ek­mek möw­sü­min­de dür­li bag­la­ryň we gül­le­riň 3 mil­lio­ny­nyň eki­len­di­gi­ni aý­ra­tyn bel­le­me­li. Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ba­bat­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak tu­tuş adam­za­dy tol­gun­dyr­ýan mö­hüm we­zi­pe­le­ri çöz­mek­de iş­jeň orun eýe­le­ýän döw­le­timiziň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň mün­be­rin­den we Rio-de-Ža­neý­ro şä­he­rin­de (Bra­zi­li­ýa) ge­çi­ri­len “Rio+20” Bü­tin­dün­ýä sam­mi­ti, Sen­daý şä­he­rin­de (Ýa­po­ni­ýa) ge­çi­ri­len BMG-niň te­bi­gy bet­bagt­çy­lyk­la­ryň tö­wek­gel­çi­li­gi­ni azalt­mak bo­ýun­ça III Bü­tin­dün­ýä mas­la­ha­ty we Te­gu şä­he­rin­de (Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy) ge­çi­ri­len VII Bü­tin­dün­ýä suw fo­ru­my ýa­ly iri hal­ka­ra mas­la­hat­la­r­da öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry hut şu ug­ra gö­nük­di­ri­len­dir. Türk­me­nis­ta­nyň Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we ýer se­riş­de­le­ri ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti bi­len Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň se­bit­le­ýin eko­lo­gi­ýa mer­ke­zi­niň bi­le­lik­de gu­ran “Mer­ke­zi Azi­ýa­da daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we dur­nuk­ly ösüş ug­run­da hyz­mat­daş­lyk üçin baş­lan­gyç” atly il­kin­ji hal­ka­ra eko­lo­gi­ýa fo­ru­my daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň Bü­tin­dün­ýä gü­nü­ne ba­gyş­lan­dy. Du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da ugur­daş mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ryň, beý­le­ki hö­kü­met eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, öň­de­ba­ry­jy hü­när­men­le­ri, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, dip­lo­ma­tik eda­ra­la­ryň, yl­my we işe­wür to­par­la­ryň, ABŞ-nyň, Ger­ma­ni­ýa­nyň, Ita­li­ýa­nyň, Şweý­sa­ri­ýa­nyň, Ýa­po­ni­ýa­nyň, Bel­gi­ýa­nyň, Weng­ri­ýa­nyň, Çe­hi­ýa­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň we beý­le­ki döw­let­le­riň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri bol­dy. Umu­my we ugur­daş mej­lis­ler geç­ýän wag­tyn­da daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we dur­nuk­ly ösüş ul­ga­myn­da se­bit we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň, suw se­riş­de­le­ri­ni bi­le­lik­de do­lan­dyr­ma­gyň, ho­wa­nyň äh­lu­mu­my de­re­je­de üýt­ge­me­gi­ne uý­gun­laş­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri ha­kyn­da düýp­li pi­kir alyş­ma­lar bol­dy. Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň ýol­baş­çy­la­ry mil­li te­bi­ga­ty go­ra­mak stra­te­gi­ýa­sy­nyň syn­la­ry­ny gör­kez­di­ler. BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň we BMG-niň Daş­ky Gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­sy­nyň, BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin Öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň, Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň, Bü­tin­dün­ýä ban­ky­nyň, BMG-niň çöl­leş­mä­ge gar­şy gö­reş ba­ra­da­ky kon­wen­si­ýa­sy­nyň sek­re­ta­riat­la­ry­nyň, BMG-niň Ýew­ro­pa yk­dy­sa­dy to­pa­ry­nyň, BMG-niň Azyk we oba ho­ja­lyk gu­ra­ma­la­ry­nyň, Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň eko­lo­gi­ýa mer­kez­le­ri­niň, Ger­ma­ni­ýa­nyň Hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk jem­gy­ýe­ti­niň we­kil­le­ri öz çy­kyş­la­ryn­da bu ugur­da­ky mak­sat­na­ma­la­ry we tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek­de bar bo­lan tej­ri­be­le­ri sel­jer­di­ler. 2017 — 2019-njy ýyl­lar­da Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra gaz­na­sy­na Türk­me­nis­ta­nyň baş­lyk­lyk et­me­gi­niň kon­sep­si­ýa­sy daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň we dur­nuk­ly ösü­şiň äh­li me­se­le­le­ri bo­ýun­ça Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň hyz­mat­daş­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­gy, se­bi­tiň döw­let­le­ri­niň iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­r, öňi bi­len hem BMG, onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­me­gi göz öňün­de tut­ýar. Ge­çen ýy­lyň iýu­nyn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len “Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­de äh­mi­ýe­ti” at­ly hal­ka­ra mas­la­hat hem bu me­se­lä ba­gyş­la­nyl­dy. Mas­la­ha­ta Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň, BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň, BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň, Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň se­bit­le­ýin eko­lo­gi­ýa mer­ke­zi­niň, Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça ger­man jem­gy­ýe­ti­niň, Bü­tin­dün­ýä ban­ky­nyň, Azi­ýa ösüş ban­ky­nyň, Ýew­ro­pa­da abat­la­ýyş we ösüş ban­ky­nyň we­kil­le­ri, da­şa­ry döw­let­le­riň ýur­du­myz­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry we beý­le­ki­ler gat­naş­dy­lar. Mas­la­ha­tyň öňü­sy­ra­syn­da Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň (AHHG) Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­niň bi­na­sy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. AHHG-nyň Pre­zi­den­ti, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow 16-njy iýun­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de bu dü­zü­mi dö­ret­mek ha­kyn­da­ky Çöz­gü­de gol çek­di. Mas­la­hat­da ser­he­ta­ra suw se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li we tyg­şyt­ly peý­da­lan­mak, Aral­da­ky kyn­çy­lyk­ly ýag­da­ýyň ne­ti­je­le­ri­ne gar­şy gö­reş­mä­ge hem-de Ara­lyň ýa­ka­syn­da eko­lo­gi­ýa ul­ga­my­nyň he­läk­çi­li­gi­niň öňü­ni al­ma­ga, bio­köp­dür­lü­li­gi aýaw­ly sak­la­ma­ga we te­bi­gy se­riş­de­le­ri dur­nuk­ly ulan­ma­ga, se­bi­tiň halk­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy hem-de dur­muş taý­dan ösü­şi­ne ýar­dam ber­mä­ge gö­nük­di­ri­len we beý­le­ki me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Aral deň­zi se­bi­ti­niň ýurt­la­ry­na kö­mek ber­mek üçin he­re­ket­le­riň tä­ze mak­sat­na­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň (PBAM-4), Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň işi­niň hu­kuk esas­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­gyň, Aral deň­zi se­bi­ti bo­ýun­ça bi­te­wi se­bit­le­ýin mag­lu­mat ul­ga­my­ny hem-de mag­lu­mat­lar bin­ýa­dy­ny dö­ret­me­giň we beý­le­ki me­se­le­le­riň ze­rur­ly­gy bel­le­nil­di. Mun­dan baş­ga-da, türk­men paý­tag­tyn­da Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra gaz­na­sy­ny dur­nuk­ly ös­dür­mek bo­ýun­ça döw­le­ta­ra to­pa­ryň no­bat­da­ky mej­li­si bol­dy. Ol Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň iş­çi gu­ra­ma­la­rynyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ýur­du­my­zyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň gol­daw ber­me­gin­de Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­niň we Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň se­bit­le­ýin eko­lo­gi­ýa mer­ke­zi­niň gu­ra­ma­gyn­da ge­çen du­şu­şy­gyň te­ma­sy “Dur­nuk­ly ösüş we Mer­ke­zi Azi­ýa­da suw se­riş­de­le­ri­ni do­lan­dyr­mak ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­lyk” ba­ra­da bol­dy. Du­şu­şyk­dan öň AHHG-nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti bi­len Ger­ma­ni­ýa­nyň Hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça jem­gy­ýe­ti­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da äht­na­ma gol çek­mek da­ba­ra­sy bol­dy. Bu res­mi­na­ma, hu­su­san-da, “Mer­ke­zi Azi­ýa­da suw se­riş­de­le­ri­ni ser­he­ta­ra do­lan­dyr­mak” at­ly mak­sat­na­ma­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy bi­len bag­ly­dyr. Ol suw ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk et­me­giň hal­ka­ra hu­ku­gy­ň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­na we iň go­wy dün­ýä tej­ri­be­si­ne esas­lan­ýan ne­ti­je­li gu­ral­la­ry dö­ret­mek­de se­bi­tiň ýurt­la­ry­na ýar­dam et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Şeý­le hem AHHG-nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti bi­len Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň Se­bit eko­lo­gi­ýa mer­ke­zi­niň ara­syn­da Hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da äht­na­ma gol çe­kil­di. Ol Türk­me­nis­tan­da “Suw, bi­lim we hyz­mat­daş­lyk” (Smart Wa­ters Pro­ject) hem-de “Suw — ener­gi­ýa — azyk” öza­ra bag­la­ny­şy­gy­ny güýç­len­dir­mek ar­ka­ly kö­pu­gur­ly ma­li­ýe­leş­dir­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni peý­da­lan­mak bo­ýun­ça Mer­ke­zi Azi­ýa gep­le­şik­le­ri” (Nexus) di­ýen tas­la­ma­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni göz öňün­de tut­ýar. ABŞ-nyň Hal­ka­ra ösüş agent­li­gi­niň (USAID) gol­daw ber­me­gin­de ama­la aşy­ryl­ýan bi­rin­ji tas­la­ma Aral deň­zi­niň se­bi­ti ýurt­la­ryn­da suw ho­ja­ly­gy pu­da­gy­nyň ýol­baş­çy­la­ry­ny we hü­när­men­le­ri­ni, yl­my iş­gär­le­ri okat­mak, taý­ýar­la­mak hem-de hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bi­len bag­ly­dyr. Öz no­ba­tyn­da, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan ma­li­ýe­leş­di­ril­ýän hem-de Te­bi­ga­ty go­ra­mak ba­ra­da­ky hal­ka­ra bi­le­le­şi­k bi­len hyz­mat­daş­lyk­da RES­SA ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­ýan “Nexus” tas­la­ma­sy Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň suw, ener­ge­ti­ka we azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­me­giň me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de hyz­mat­daş­ly­gy­ny ber­kit­me­gi ugur edin­ýär, bu bol­sa eko­lo­gi­ýa bi­len gös-gö­ni bag­ly­dyr. Mej­li­siň ka­da-ka­nun­çy­lyk ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky türk­men we­ki­li­ýe­ti maý aýyn­da Sankt-Pe­ter­bur­gda ge­çi­ri­len VIII Ne­wa eko­lo­gi­ýa kong­re­si­ne gat­naş­dy. GDA gat­na­şy­jy döw­let­le­riň Par­la­men­ta­ra As­samb­le­ýa­sy, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Fe­de­ral Ýyg­na­gy­nyň Fe­de­ra­si­ýa Ge­ňe­şi hem-de RF-niň Te­bi­gy se­riş­de­ler we eko­lo­gi­ýa mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan gu­ra­lan fo­rum “Eko­lo­gi­ýa aň-bi­li­mi — aras­sa ýurt” di­ýen şy­gar as­tyn­da ge­çi­ril­di. Onuň esa­sy te­ma­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da eko­lo­gi­ýa jo­gap­kär­li, “ýa­şyl yk­dy­sa­dy­ýe­ti”, önüm­çi­lik we sarp ediş me­de­ni­ýe­ti­ni, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ös­dür­mek me­se­le­le­ri bol­dy. “Awa­za” mi­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da “Ha­zar deň­zi­ne — dur­nuk­ly ösüş we do­lan­dy­ryş” at­ly okuw mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Ony ýur­du­my­zyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ha­zar deň­zi­niň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça döw­let kär­ha­na­sy Hal­ka­ra um­man ins­ti­tu­ty­ bi­len bi­le­lik­de gu­ra­dy. 10 gün­lük oku­wa Azer­baý­ja­nyň, Eý­ra­nyň, Rus­si­ýa­nyň we ýur­du­my­zyň dür­li mi­nistr­lik­le­ri­niň we eda­ra­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri, şeý­le hem de­ňiz yk­dy­sa­dy­ýe­ti, sy­ýa­sa­ty, do­lan­dy­ry­ly­şy, eko­lo­gi­ýa, de­ňiz hu­ku­gy we beý­le­ki hü­när­ler bo­ýun­ça MIO-nyň yl­my mas­la­hat­çy­la­ry gat­naş­dy­lar. “De­ňiz gi­ňiş­li­gi­niň me­ýil­na­ma­laş­dy­ry­ly­şy” at­ly şu­ňa meň­zeş oku­wy Aş­ga­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ha­zar deň­zi­niň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça döw­let kär­ha­na­sy hem-de Hal­ka­ra um­man ins­ti­tu­ty bi­le­lik­de gu­ra­dy. Dä­be gö­rä, 12-nji aw­gust­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da Ha­zar deň­zi­niň Hal­ka­ra gü­ni bel­le­nil­di. Bu çä­re giň jem­gy­ýet­çi­li­giň ara­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň uzak­ möh­let­le­ýin gel­je­ge gö­nük­di­ri­len te­bi­ga­ty go­ra­ýyş sy­ýa­sa­ty­nyň wa­gyz edil­me­gi­ne, şeý­le hem eko­lo­gi­ýa ul­ga­myn­da­ky hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ň ber­ki­dil­me­gi­ne we gi­ňel­dil­me­gi­ne, äh­lu­mu­my dur­nuk­ly ösüş üçin ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Onuň mak­sat­na­ma­sy­na “Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýy­lyn­da Ha­zar deň­zi­niň de­ňiz gur­şa­wy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler” at­ly yl­my-ama­ly mas­la­hat, me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin we sport çä­re­le­ri gi­ri­zil­di. Ha­zar deň­zin­de eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne äh­mi­ýet be­ril­me­gi Ha­za­ryň aý­ra­tyn de­re­je­si bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Örän baý we köp ­dür­li ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si bo­lan, te­bi­ga­tyň mer­je­ni ha­sap­la­nyl­ýan, dün­ýä um­ma­nyn­dan aý­ra­tyn iri suw how­da­ny­nyň go­rag­ly­ly­gy döw­rüň mö­hüm me­se­le­si bo­lup dur­ýar. Şol bir wag­tyň özün­de Ha­zar se­bi­ti Ýew­ra­zi­ýa gi­ňiş­li­gin­de mö­hüm geo­sy­ýa­sy we yk­dy­sa­dy mer­kez­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar we ol kuw­wat­ly ener­ge­ti­ka, ulag hem-de ara­gat­na­şyk çat­ry­gy­na öw­rül­di. Şo­ňa gö­rä-de, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça öňe sü­rül­ýän tu­tuş adam­za­dyň gu­wan­jy bo­lan aja­ýyp te­bi­gy top­lum hök­mün­de yk­rar edi­len Ha­zar deň­zin­de eko­lo­gi­ýa we teh­no­gen howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek üçin hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li kö­pu­gur­ly gu­ra­ly­ny dö­ret­me­ge de­giş­li tek­lip­ler örän wa­jyp­dyr. Şeý­le­lik­de, ýur­du­my­zyň oba­se­na­gat top­lu­my Di­ýa­ry­my­zyň ba­zar­la­ryn­da azyk bol­çu­ly­gy­ny, oba ýa­şaý­jy­la­ry­nyň dur­muş hal-ýag­daý­la­ry­nyň bar­ha go­wu­lan­ma­gy­ny üp­jün edip, hil taý­dan tä­ze sep­git­le­re çyk­ýar. Mu­nuň özi Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de ama­la aşy­ryl­ýan giň möç­ber­li öz­gert­me­le­riň ber­ýän aý­dyň ne­ti­je­si­dir.

Soňky habarlar
13.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatyna gatnaşyjylara
12.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
12.09
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halk Maslahatynyň gün tertibi
11.09
Ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýolunda möhüm başlangyçlar
11.09
Daşoguz welaýatynda täze şäherçe dabaraly açyldy
11.09
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
10.09
2025-nji ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.09
Ýurdumyzda pagta ýygymy möwsümine badalga berildi
10.09
Halk Maslahaty ileri tutulýan meseleleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüdir
top-arrow