Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Kipr Respublikasynyň ilçisi işläp başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Kipr Respublikasynyň ilçisi işläp başlady
Çap edildi 16.02.2018
1877

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Leonidas S.Markidisden ynanç hatyny kabul etdi. Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde üstünlik arzuw etdi. Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi Kipr Respublikasynyň ählumumy abadançylygyň, döredijiligiň we durnukly ösüşiň bähbidine oňyn başlangyçlary bilen halkara giňişliginde belent abraýa we ykrarnama eýe bolan Türkmenistan bilen özara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini nygtady. Söhbetdeşligiň barşynda ilçä hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän daşary we içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, üstünlikli amala aşyrylýan, şol sanda durmuş ulgamynda geçirilýän giň möçberli ösüş maksatnamalary barada gürrüň berildi. Ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlaryndaky oňyn özgertmelere aýratyn üns berildi. Diplomat Kiprde Türkmenistanyň okgunly ösüşine uly gyzyklanma bilen syn edýändiklerini, olary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda esasy halkara guramalarynyň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilik hasaplaýandyklaryny belledi. Söwda-ykdysady we ynsanperwer, ylym-bilim, syýahatçylyk ýaly ulgamlarda gatnaşyklar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hasaplanylýar. Mejlisiň işi, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan demokratik özgertmeler babatda onuň eýeleýän orny söhbetdeşligiň esasy meseleleriniň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň möhüm şerti hökmünde göni parlamentara gatnaşyklary ýola goýmagyň ähmiýeti barada pikir aýdyldy. *** Şu gün diplomat Daşary işler ministrliginde kabul edildi, onda türkmen-kipr gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň meselelerine garaldy.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow