Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Paýtagtymyzyň häkimligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirligi täze desgalary gurmaga şertnamalary baglaşar
Syýasy habarlar
Paýtagtymyzyň häkimligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirligi täze desgalary gurmaga şertnamalary baglaşar
Çap edildi 15.02.2018
1877

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Köpetdag şaýolunyň ugrunda Hökümet münberiniň binasynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Buig Batiman Internasional” fransuz kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak we binany 2020-nji ýylyň awgust aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. *** Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirligine Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň ugrunda Türkmenistanyň Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumynyň taslamasyny düzmek we ony häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Buig Batiman Internasional” fransuz kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň mart aýynda başlamak we binalar toplumyny 2020-nji ýylyň mart aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň ugrunda kaşaň myhmanhananyň taslamasyny düzmek we ony häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Buig Batiman Internasional” fransuz kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak we binany 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow