Baş sahypa
\
Sport
\
Boks boýunça Türkmenistanyň çempionatyna sportuň bu görnüşiniň ýyldyzlary hormatly myhman hökmünde gatnaşar
Sport
Boks boýunça Türkmenistanyň çempionatyna sportuň bu görnüşiniň ýyldyzlary hormatly myhman hökmünde gatnaşar
Çap edildi 12.02.2018
4053

13-nji fewralda Aşgabatda boks boýunça ýurdumyzyň çempionaty badalga alýar. Türkmenstanyň Boks boýunça federasiýasy, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bäsleşigiň guramaçylary bolup çykyş edýärler. Tomaşaly we özüne çekiji pursatlaryň baý bolmagyna garaşylýan ýaryş paýtagtymyzdaky iň bir döwrebap Olimpiýa şäherjiginde dört günläp dowam eder. Erkekleriň we zenanlaryň arasynda boljak bäsleşikde paýtagtymyza hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň bäşisine wekilçilik edýän türgenleriň ýüzlerçesi agramlyk dejesiniň onusy boýunýa güýç synanyşarlar. Şu gün çäräniň dabaraly açylyşynda toparlar hem-de ýurdumyzyň tans toparlary we artistleri çykyş eder. Agşam bolsa ilkinji tutluşyklar geçiriler. 16-njy fewralda tamamlanjak bäsleşigiň aýgytlaýjy duşuşyklarynda güýçli türgenler kesgitleniler. Çempionata Boks janköýerleriniň halkara assosiasiýasynyň wise-prezidenti we Aziýanyň boks konfederasiýasynyň prezidenti Serik Konakbaýewiň ýolbaşçylygynda wekiliýet gatnaşar. Ussastlyk boksunyň ýyldyzlarynyň – WBA-nyň we IWF-niň çempiony Denis Lebedowyň, olimpiýa oýunlaryň çempiony Oleg Saitowyň hem-de belli türgen we aktýor, başa-baş tutluşyklaryň garyşyk göreşi boýunça 1995-nji ýylda dünýäniň çempiony bolan Oleg Taktarowyň hormatly myhmanlaryň hatarynda bäsleşige gatnaşmagyna garaşylýar. Boks boýunça çempionatyň geljekki ýeňijileri hem-de kümüş baýraklaryň eýeleri milli ýygyndy toparyň agzalary bolar. Ýygyndy toparda belli russiýaly hünärmen – türkmen toparynyň baş tälimçisi Aleksandr Lebzýakanyň ýolbaşçylygynda Indoneziýanyň Jakarta şäherinde boljak Aziýa oýunlaryna taýýarlyk başlanar. 2017-nji ýyldaky halkara derejeli ýaryşlaryň netijelerine, ýagny, Bakuwdaky Yslam oýunlarynda, Daşkentdäki Aziýa çempionatynda we Minskidäki ýaryşda gazanylan ýeňişlere we baýrakly oýunlara seredeňde, boksçularymyzyň geljeginiň uludygy şübhesizdir.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow