Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti we «ARETI» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy dürli ulgamlarda taslamalaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti we «ARETI» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy dürli ulgamlarda taslamalaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar
Çap edildi 06.02.2018
2171

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” Halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi Wagt tapyp kabul edendigi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, işewür özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň sazlaşykly ykdysady ösüşe eýe bolan Türkmenistan bilen özara peýdaly gatnaşyklary artdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň dünýä işewürliginiň, şol sanda Russiýanyň öňdebaryjy wekilleri bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny aýtdy. Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň çäklerinde daşary ýurt hünärmenleriniň döwrebap tehnologiýalaryny we öňdebaryjy tejribelerini giňden ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köp ýyllyk bilelikdäki işiň netijesinde oňyn tejribe toplanan “ARETI” kompaniýasy bilen işewür gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen nygtady. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny, dürli ulgamlarda, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini nazara alyp, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy. Bildirilýän ýokary ynam üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň mundan beýläk-de öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge çynlakaý we örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy. Duşuşgyň ahyrynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we “PRETI” Halkara kompaniýalar toparynyň prezidenti Igor Makarow özara bähbitleri we anyk netijelere gönükdirilen tagallalary nazara almak bilen ýola goýulýan oňyn hyzmatdaşlygyň netijeli dowam etjekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow