Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukçylary Watan goragçylarynyň guni bilen gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukçylary Watan goragçylarynyň guni bilen gutlady
Çap edildi 27.01.2018
2803

Hormatly Watan goragçylary! Sizi “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji günlerinde bellenilýän Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 26 ýyllygy we Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu baýram döwletimiziň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini we konstitusion gurluşyny gorap saklaýan Ýaragly Güýçlerimiziň merdana gerçeklerine bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň we olar hakda edilýän aladalaryň aýdyň nyşanydyr. Eziz Watanymyzyň merdana harby gullukçylary! Biz 2018-nji ýyly “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip yglan etdik. Bu ýyl Garaşsyz Watanymyzyň şanly taryhyna şöhratly sahypalar ýazylar, Berkarar döwletimiziň halkara abraýy has-da belende göteriler. Taryhdan belli bolşy ýaly, ata-babalarymyz gadymyýetiň Beýik Ýüpek ýoluny gorap saklap, bu ýoluň ugrunda parahatçylykly gatnaşyklaryň nyşany bolan gala-kentleri gurupdyrlar. Uzak ýollara rowan bolan kerwenleriň goragçylary merdana türkmen gerçeklerinden düzülipdir. Bu günki günde bolsa bu mukaddes borç we jogapkärli wezipe Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçylary bolan size ynanylandyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe siziň paýyňyza ähli üstünliklerimiziň, ykdysady we medeni-ruhy ösüşlerimiziň, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň, durmuş derejesiniň ýokarlanmagynyň berk binýady bolan beýik Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy janyňyzdan ileri tutup goramak, ata Watana ak ýürekden gulluk etmek ýaly mukaddes borç düşýär. Siziň bu belent borjy hemişe päk ýürek bilen ýerine ýetirjekdigiňize, Watana wepalylygyň, harby kasama ygrarlylygyň belent nusgasyny görkezjekdigiňize, türkmen halkynyň watansöýüjilik, edermenlik, gaýduwsyzlyk we mertlik ýaly asylly häsiýetlerini harby däp-dessurlar arkaly berkitmekde ukyp-başarnygyňyzy gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn. Berkarar döwletimiziň wepaly ogullary! Biz 2017-nji ýylyň 17 — 27-nji sentýabry aralygynda yklymyň iň iri halkara sport ýaryşyny — Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny üstünlikli we guramaçylykly geçirdik. Eziz Watanymyzyň sport abraýyny gorap, ýokary netijeleri görkezen türgenleriň arasynda Türkmenistanyň Watan goragçylary hem bar. Bu ýaryşlarda Garaşsyz ýurdumyzyň türgenleri bilen birlikde Watan goragçylary hem watansöýüjiligiň, gaýduwsyzlygyň, hakyky ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezdiler. Ýurdumyzyň Watan goragçylarynyň öňünde geljekde hem möhüm we jogapkärli wezipeler durýar. Siziň bu wezipeleri üstünlikli amala aşyrjakdygyňyza, şu ýyl geçiriljek «Amul — Hazar 2018» atly halkara awtoralli, welosiped we ylgaw ýaryşlaryna hem-de agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyp, bu ýaryşlaryň üstünlikli geçirilmegine mynasyp goşant goşjakdygyňyza berk ynanýaryn. Merdana ýurt goragçylary! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň alyp barýan hoşniýetli içeri we parahatçylyk söýüji daşary syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldanylýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamanyň Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň ulag syýasatynyň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Halkara derejeli transmilli gaz geçirijileriniň, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Halkara deňiz portunyň, Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň gurluşygynyň alnyp barylmagy halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk, myhmansöýerlik, beýleki halklar bilen parahatçylykda we agzybirlikde ýaşamak ýaly parasatly däpleriniň aýdyň beýanydyr. Ýurdumyzy senagat taýdan kuwwatly, durmuş-ykdysady taýdan ösen döwlete öwürmekde, uly ösüşleri gazanmakda we belent sepgitlere ýetmekde siziň mynasyp ornuňyz bardyr. Siz mundan beýläk hem harby kasama wepaly bolup, ata Watanymyzyň ykdysady hem-de syýasy bähbitleriniň ygtybarly goragyny üpjün etmekde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasyndan gelip çykýan borçlary abraý bilen berjaý etmelisiňiz. Mukaddes Watanymyzyň merdana harby gullukçylary! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watan goragçylarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk we iş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş, gulluk şertlerini gowulandyrmak döwletimiziň esasy wezipeleriniň biridir. Biz geljekde hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge we döwrebaplaşdyrmaga, harby hünärmenleri taýýarlamaga, şeýle hem berkarar Watanymyzyň edermen goragçylarynyň göwnejaý gulluk etmegi we döwrebap ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamagy üçin zerur bolan şertleri döretmäge aýratyn üns bereris. Hormatly Watan goragçylary! Sizi Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 26 ýyllygy we Watan goragçylarynyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, mukaddes harby gullugyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin! Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow