Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
2018-nji ýylda Türkmenistanyň iň gowy etraby ady ugrunda bäsleşik yglan edildi
Syýasy habarlar
2018-nji ýylda Türkmenistanyň iň gowy etraby ady ugrunda bäsleşik yglan edildi
Çap edildi 26.01.2018
1756

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda 2018-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanmak ugrunda bäsleşik yglan edildi. Şeýle hem resminama bilen 2018-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, ýeňiji bolan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri kesgitlemek boýunça Topar döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy. Topar welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda yglan edilen bäsleşikde her welaýatda iň ýokary netijeleri gazanan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri, olaryň arasyndan bolsa Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri kesgitlemäge borçly edildi. Yglan edilen bäsleşikde Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrabyň ýa-da etrap hukukly şäheriň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglamak bellenildi.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow