Baş sahypa
\
Sport
\
“Ahal” topary AFK-nyň Kubogy ugrundaky saýlama ýaryşlara ynamly başlady
Sport
“Ahal” topary AFK-nyň Kubogy ugrundaky saýlama ýaryşlara ynamly başlady
Çap edildi 23.01.2018
3094

Türkmenistanyň çempionatynyň kümüş medalyna hem-de ýurdumyzyň Kubogyna eýe bolan “Ahal” topary “AFK-nyň Kubogy - 2018” ýaryşynda 23-nji ýanwarda Bişkekde ilkinji saýlama duşuşygyny geçirdi.Biziň toparymyz Gyrgyzystanyň Kubogynyň eýesi Bişkegiň “Dordoý” topary bilen duşuşdy. Biziň futbolçylarymyz oýny ynamly başlap, eminiň jürlewgi ýaňlanandan soň köp wagt geçmänkä, pökgini bäsdeşleriniň derwezesine geçirmegi başardylar. Süleýman Muhadow bu duşuşykda ilkinji pökgini geçirdi. Oýnuň netijeli başlanmagy ýeňşi has-da berkitmäge höweslendirmeli ýaly bolsa-da, duşuşygyň 19-njy minutynda gyrgyz topary hasaby 1:1-edeňledi. Oýnuň ikinji ýarymynda “Ahalyň” futbolçylary bäsdeşleriň derwezesine yzygiderli hüjüm etdiler. Oýnuň 75-nji minutynda Myrat Annaýew dürs urgy bilen öz toparyny öňe çykardy, şondan 11 minut geçenden soňra bolsa, ol ýene-de bir pökgini, üçünji pökgini geçirdi. Baş tälimçi Röwşen Meredowyň tälim berýän oýunçylarynyň myhmançylykda gazanan bu üstünligi 30-njy ýanwarda Balkanabatda geçiriljek jogap duşuşygynda türkmen futbolçularynyň ýeňiş gazanjakdygyna ynam döredýär. Biziň toparymyza ýaryşlaryň indiki tapgyryna çykmak üçin öz ýerinde hatda az hasap bilen utulmak hem ýeterlikdir.“Ahal”-“Dordoý” toparlarynyň ýeňijisi Aziýa futbol konfederasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň esasy tapgyryna çykmak üçin ýene bir saýlama tapgyryň synagyndan geçmeli bolar. Türkmenistanyň çempiony, Aşgabadyň “Altyn Asyr” topary bolsa eýýäm toparlaýyn ýayşlara gatnaşmaga hukuk gazandy.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow