“Biz 2018-nji ýyla «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip at berdik. Ata Watanymyz üçünji müňýyllykda täze awtomobil we demir ýollaryny, deňiz portlaryny hem-de köprüleri gurup, Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldýär” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyna Täze ýyl gutlagynda aýtdy. Diňe iri ulag desgalarynyň we ýollaryň, üstaşyr geçelgeleriň gurluşygynda däl, eýsem, beýleki desgalaryň gurluşygynda hem bu konsepsiýany durmuşa geçirýäris. Biziň Garaşsyz Bitarap döwletimiz halkara giňişliginde syýasy, söwda-ykdysady we medeni ynsaneperwer gatnaşyklary ösdürmäge we pugtalandyrmaga uly goşant oşýar diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de 2018-nji ýylyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygaryny tutuş adamzadyň nurana geljegi üçin döredijiligiň bähbidine parahatçylyk we hyzmatdaşlyk hakyndaky düşünjeleri hem-de garaýyşlary has giň gerime ýetirdi. Döwlet Baştutanymyzyň logistik strategiýasynda bu ileri tutulýan ugurlar häzirki wagtda has aýdyň görünýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanda paýtagtymyzda Halkara howa menzilini, Türkmenistan – Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň birinji nobatdakysyny – Kerki-Ymamnazar-Akina demir ýolunyň gurluşygy ýaly ägirt uly taslamalar amala aşyryldy. Türkmenbaşydaky deňiz menzili, Aşgabat-Türkmenbaşy awtomobil ýoly we beýleki desgalar gurulýar. Ýurdumyzda demir ýol, awtomobil, howa we suw ulaglaryndan netijeli peýdlanmak arkaly amatly hem-de howpsuz halkara ulag geçelgeleri döredilýär. Munuň özi sebitde durnukly ösüşi, halklaryň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny, söwda-haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artdyrylmagyny üpjün edýär. Türkmenistan polat ýollaryň möhüm çatrygyna, Ýewraziýa sebitinde iri ulag-üstaşyr merkezine öwrülýär. Türkmen demir ýol gurluşykçylary Mary welaýatynda serhetýaka Serhetabat menzilinden Owganystanyň Turgundy şäherine çenli polat ýoly çekmek boýunça işleri işjeň alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy ýurt üçin örän möhüm bolan bu taslama 2017-nji ýylyň 29-njy noýabrynda badalga berip, Owganystany Türkmenstanyň we onuň üsti bilen tutuş sebitiň ulag-logistika ulgamyna goşmaga uly mümkinçilikleri açýan demir ýoluň gurluşygyna ak pata berdi. Çünki bu demir ýol şahasy arkaly biziň goňşymyz öz önümlerini daşary bazarlara çykarmak hem-de uly islegden peýdalanýan daşary ýurt harytlaryny import etmek üçin has amatly usula eýe bolýar. Bu taslama sebitde döwletara gatnawlarynyň möçberleriniň artdyrylmagyna, Türkmenistanyň sebitiň hem-de yklymyň esasy ulag – logistika merkezi hökmünde ykrar edilmegine ýardam eder. Ulag gatnawlarynyň ösdürilmegi häzirki wagtda netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Bu babatda gadymdan bäri ýol gurmagy parz hasaplaýan türkmen halky bu däbi mynasyp dowam etdirýär diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär. Bu mesele hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda milli taryhyň, gadymy rowaýatlaryň, ýurdumyzyň häzirkizaman durmuşynyň wakalarynyň mysalynda çuňňur açylyp görkezilýär. Milli Liderimiz öz kitabynda Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmeginde we işjeň hereket etmeginde esasy orunlaryň biriniň türkmenlere hem degişlidigini aýratyn belleýär. Bu ýoluň her bir şahasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmäge mynasypdyr. Şeýlelikde, biziň döwletimiz tarapyndan asyryň iri ulag taslamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen täze taryh ýazylýar we Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek baradaky pikir täze mazmuna eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Garaşsyz we Bitarap Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolup durýar. Biziň ýurdumyzyň gurýan dostluk we oňyn hyzmatdaşlyk ýollary Birleşen Milletler Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri halkara hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde hem gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam edýär. Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagynda döredilýän täze ýollar Ýewraziýa giňişliginde durnukly ösüşi üpjün etmekde biziň sebitimiziň ornuny artdyrýar. Häzirkizaman şertlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň wezipesini halkara ulag - logistika ulgamy ýerine ýetirýär. Ol halkara syýasy we ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňat binýat hökmünde çykyş edýär. Munuň özi hoşniýetli goňşuçylyk, özara we köptaraply bähbitlilik ýörelgelerinde goşulyşmak ýagdaýlarynyň möhüm şertine öwrüldi. Turbageçiriji ulag hem bu ulgama degişlidir. Iki ýyl mundan ozal biz Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berdik. Ol birmahallar Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ýerlerinden çekiler. Gatnaşyjy ýurtlar üçin bu taslama diňe bir ykdysady däl, eýsem, derwaýys durmuş wezipelerini hem çözmäge ýardam eder. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gatnawlaryň ähli ulgamlaryny öz içine alýan bitewi ulag ulgamy anyk tehniki we hukuk syýasaty, özara ylalaşykly gatnaşyklaryň gurallary arkaly geosyýasy ýagdaýa täsir etmäge ukyply bolup, onuň ykdysady ugurlarynyň ýurdumyzyň ösüşiniň milli strategiýalary bilen ysnyşykly gatnaşyklaryny kesgitleýär. Türkmenistan oňyn ählumumy işlere işjeň gatnaşmak bilen sazlaşykly, durnukly ösüşiň esasynda halkara gatnaşyklarynyň täze ulgamyny kemala getirmäge saldamly goşant goşmaga çalyşýar. 2-nji ýanwarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maslahatlar zalynda geçirilen “Türkmenistan täze taryhy eýýamda: giň gerimli maksatnamalar we mümkinçilikler” atly maslahat şu meselä bagyşlandy. Maslahat ýurdumyzyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan bilelikde guraldy. Maslahatyň işine jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, talyplar hem-de paýtagtymyzyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi, ylmy-barlag institutlarynyň alymlary we bilermenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gönüden-göni ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan özgertmeler tutuş jemgyýetçilik-syýasy ulgamyň ösüşlere beslenen ýagdaýda görlüp-eşidilmedik derejede täzelenilmegine, döwletimiziň dünýä bileleşiginde abraýynyň ykrar edilmegine ýardam berýär. Döwlet maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň düýpli özgerdilmegi hem-de bazar gatnaşyklaryna geçilmegi-- şu we ençeme beýleki ýagdaýlar dünýädäki ykdysady taýdan durnuksyzlygyň emele gelen ýagdaýlarynda biziň ýurdumyzyň deňsiz-taýsyz derejede ykdysady ösüş gazanmagyna ýardam etdi. Maslahatda Türkmenistanyň BMG bilen özara gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi. Onuň işi bütin dünýäde parahatçylyga hem-de Ýer ýüzüniň ähli döwletleriniň durnukly ösmegine gönükdirilendir. Bu iň abraýly guramanyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlyk etmek üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasat ýörelgesiniň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Şol daşary syýasat ýörelgesi ählumumy howpsuzlygyň düýbünden täze gurluşyny kemala getirmäge, ählumumy durnuklylygy, hemme ýurtlaryň hem-de dünýäniň halklarynyň ählisiniň abadançylygynyň bähbidine durmuş we ykdysady taýdan ösüşiň ýokary derejesini üpjün etmek üçin has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan hem-de ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan iri möçberli ösüşlere beslenen özgertmeleriň oňyn ornuny nygtadylar. Şol özgertmeler türkmen halkynyň hakyky taryhyny öwrenmäge, onuň maddy we ruhy mirasyny gorap saklamaga we wagyz etmäge, ylmy-barlaglary işjeňleşdirmäge, şeýle barlaglara beýleki ýurtlardan hünärmenleri çekmäge ýardam edýär. Şunuň ýaly özara hereketiň maksady geljekki nesiller üçin türkmenleriň gadymy medeniýetiniň jedelsiz subutnamalaryny gorap saklamakdan ybaratdyr. Çykyş edenler barlaglarynyň netijelerini teswirläp, ýurdumyzyň çäklerinde edilen açyşlaryň ähmiýetini tassykladylar. Türkmenistandaky arheologiýa ekspedisiýalarynyň işleriniň täsir galdyryjy netijeleri halkara jemgyýetçiligine türkmenleriň taryhy ýoluna anyk baha bermäge, milli-medeni özboluşlylygy, däp-dessurlary hem-de ýaşaýyş-durmuşy bilen tanyşmaga, türkmen halkynyň dünýäniň ylmy we medeni ösüşine goşan bahasyna ýetip bolmajak goşandyna çuňňur akyl ýetirmäge mümkinçilik berýär. Maslahatyň barşynda ulag-aragatnaşyk ulgamynda Türkmenistanyň başlangyçlarynyň, hususan-da, “Demirgazyk-Günorta”, “Gündogar-Günbatar” ugurlary boýunça ulag ulgamynyň işjeňleşdirilmeginiň mümkinçilikleriniň ähmiýeti nygtaldy. Olar Ýuwaş ummandan başlap Baltika çenli, Ýewropa yklymygyň Demirgazygyndan Hindi ummanyna çenli örän uly giňişligi birleşdirmäge gönükdirilendir. Halklary we medeniýetleri, dünýäniň halklarynyň gymmatlyklaryna hormat goýmagyň ýörelgelerini ýakynlaşdyrmagyň alamaty hökmünde häzirki zaman tapgyrynda Beýik Ýüpek ýolunyň özboluşly aýratynlygyny wagyz etmegiň meselelerine aýratyn ähmiýet berildi. Häzirki wagtda Türkmenistan özüni täze halkara syýahatçylyk merkezi hökmünde ynamly yglan edýär. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda hem-de goldaw bermeginde pudagyň innowasion düzümi, onuň häzirkizaman netijeli nusgasy döredilýär. Türkmen halky gadymdan bäri myhmansöýerligiň baý däpleri bilen şan-şöhrata eýe bolupdyr. Häzirki wagtda bu däpler täze öwüşgüne eýe bolup, özüne syýahatçylykda iň täze häzirkizaman ýörelgelerini birleşdirýär. Taryhy-medeni özboluşlylyk hem-de baý milli miras, şol sanda bütindünýä meşhur türkmen halylary we ahalteke bedewleri, gadymy ýadygärlikler hem-de täsin tebigy ekoulgamlar ýurdumyza bu ulgamda özüniň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berip, dünýäniň syýahatçylyk bazarynda eýeleýän ornuny has-da berkitmäge ýardam edýär. Iň meşhur ugurlaryň biri Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça syýahat etmekden ybaratdyr. Onuň desgalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýadygärlikleri öz içine alýar. Adamzat siwilizasiýasynyň aýdyň gymmatlygyna öwrülen bu taryhy ýoluň täze hili diňe bir döwletleriň söwda-ykdysady gatnaşyklarynda däl, eýsem olaryň medeni, ynsanperwer gatnaşyklarynda, şeýle hem sport ulgamynda öz aýdyň beýanyny tapýar. Şu ýyl üstünlikli geçirilen “Aşgabat 2017” oýunlary hem munuň aýdyň mysaly bolup biler. Bu Oýunlara diňe bir Aziýanyň we Okeaniýanyň 64 ýurdunyň toparlary, bosgun türgenler däl, eýsem dünýäniň ähli künjeklerinden köpsanly žurnalistler, tomaşaçylar hem-de syýahatçlar gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça – Amuldan Hazara çenli halkara awtorallisini guramak pikirini öňe sürdi. Daşary ýurtlardan rallä gatnaşjaklar diňe bir türkmen halkynyň mirasy bilen tanyşmak bilen çäklenmän eýsem düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler, ylmy-tehinki ösüş hem-de ýurdumyzyň sebitleriniň senagat taýdan ösüşi bilen bu meşhur ýerlere gelýän täze durmuşy hem görüp bilerler. Ýurduyz häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm ulag ulgamy hökmündäki ornuny berkidýär. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem diňe bir bütin dünýäde meşhur gymmatlyklary däl, eýsem ýurdumyzyň entek meşhur bolmadyk taryhy we arheologiki ýadygärliklerini, şeýle hem onuň tebigy baýlyklaryny öz içine alýan ýoluň ugrunda täze syýahatçylyk ugurlaryny girizmegiň wajypdygyny belledi. Eger birmahallar bu ýerden gülläp ösýän şäherleriň arasynda ýerleşen çägelikleriň üstünden kerwen ýollary geçen bolsa, häzirki wagtda bu ýerde ajaýyp awtoulag ýllary hem-de döwrebap dermir ýollar çekildi. Bularyň ählisi ajaýyp tebigy landşaftlar bilen birlikde syýahatçylara Beýik Ýüpek ýolunyň geçmişi we häzirki guni bilen ýakyndan tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik berer. Türkmenistanyň yklymyň ýollarynyň çatryşynda geografiki taýdan amatly ýerleşmeginiň artykmaçlyklary ýurdumyzda ykdysady gatnaşyklaryň ösmeginde milli ulag serişdelerinden amatly pýdalanmaga mümkinçilik berýär, milli medeni mirasyň baýlygy bolsa halklaryň ynsanperwer, ruhy gatnaşyklarda onuň ornuny artdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu tagymaty öňe sürmek bilen, häzirkizaman köpşahaly ulag-aragatnaşyk ulgamynyň döredilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtaýar. Şol syýasat bolsa ýurdumyzyň durmuş-ykdyswady taýdan okgunly ösmegine hem-de ählumumy abadançylygyň bähbidine giň sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga gönükdirilendir.