Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň balykçylyk pudagy önümçilik görkezijilerini ýokarlandyrýar
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň balykçylyk pudagy önümçilik görkezijilerini ýokarlandyrýar
Çap edildi 22.12.2017
2336

Ýurdumyzyň içerki bazarynda azyk bolçulygyny saklamak, ilatymyzy balyk önümleri bilen durnukly üpjün etmek, şeýle hem balyk serişdelerini saklamak we öndürmek maksady bilen bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça degişli çäreler görülýär. Häzirki wagtda “Ahalbalyk” döwlet kärhanasynyň Altyn asyr (610,9 gektar) hem-de Ak bugdaý (737,4 gektar) etraplarynda, şeýle hem Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynda (76 gektar) ýerleşen emeli suw hodanlarynda arassalaýyş we abatlaýyş işleri geçirilýär. Häzirki wagtda bu işler umumy meýdany 831 gektara deň bolan desgalarda tamamlandy. Ösdürilýän balyklary ýokary hilli ösümlik iými bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berilýär, munuň üçin Altyn asyr etrabynda balyk hojalygynyň çäginde umumy meýdan 70 gektar bolan ýerlere arpa we ýorunja ekildi. Kärhananyň inkubator bölümlerinde sagdyn ýaş balyklary ösdürip ýetişdirmek üçin ýörite saklanylýan balyklaryň işbilinden liçinkalary almak boýunça ýokary netije gazanyldy. Bu kärhanada esasan zagara, uçar hem-de ak we ala tüňňimaňlaý görnüşli balyklar ösdürilip ýetişdirilýär. Welaýat merkezlerinde we etraplarda açylan söwda nokatlary ilaty balyk önümleri bilen üpjün edýär, özi-de, janly balyk ýöriteleşdirilen awtoulaglarda ilatymyzda elýeterli bahalardan ýerlenilýär. Şu ýylyň 11 aýynda jemi 1300 tonna balyk we balyk önümleri ýurdumyzyň ilatyna ýerlenildi, şol sanda azyk pudagynyň ýöriteleşdirilen kärhanalaryna 500 tonnadan gowrak balyk ugradyldy.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow