Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlaryny täzeden dikeldýär
Teswirlemeler
Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlaryny täzeden dikeldýär
Çap edildi 07.12.2017
5332

Türkmen demirýol gurluşykçylary Mary welaýatynyň serhet ýakasyndaky Serhetabat bekedinden Owganystanyň Turgundy şäherine çenli polat ýoly çekmek boýunça işleri yhlasly alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy noýabrda goňşy ýurt üçin örän möhüm bolan bu taslama badalga berdi hem-de Owganystany Türkmenistanyň, onuň üsti bilen bolsa tutuş sebitiň ulag-logistika ulgamyna goşmaga uly mümkinçilikleri açýan demir ýoluň gurluşygyna başlanmagyna ak pata berdi. Bu waka Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň üstünlikli ösdürilýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýene-de bir subutnamasydyr. Iki ýurduň demir ýol edaralary ýakynda Aşgabatda agzalan demir ýol şahasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Türkmenistanyň Baştutanynyň tabşyryklaryna laýyklykda, taýýarlanylan taslama döwletlerimiziň arasyndaky ulag gatnaw ýollaryny giňeltmäge hem-de doganlyk ýurtdan bolan hyzmatdaşlara ysnyşykly, multimodal hyzmatlary hödürlemäge gönükdirilendir. Serhetabatdan Turgunda çenli ozal bar bolan ýol ýük daşalyşynyň artýan möçberleri boýunça-da, onuň geçirijilik mümkinçiligini, ibermegiň hilini we tizligini şertlendirýän tehniki ýagdaýy boýunça-da döwrebap islegleri kanagatlandyrmaýardy. Şoňa görä-de, taraplar demir ýoly düýpli döwrebaplaşdyrmak barada çözgüt kabul etdiler. Bu bolsa ozalky ugur boýunça täze ýoluň gurulmagyny aňladýar. Türkmenistan Owganystanyň çäklerinde ugurdaş düzümleri hem gurmak bilen demir ýoly çekmek üçin öz serişdelerini we güýjüni gönükdirip, bu taslamanyň amala aşyrylmagyny dolulygyna öz üstüne aldy. Biziň zerur bolan hemme maddy-enjamlaýyn serişdeler bilen üpjün edilen ýol gurluşykçylarymyz milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowdan ak pata alyp, işe girişdiler. Owgan topragynda olary ýerli ýaşaýjylar, Turgundy bekediniň işgärleri uly şatlyk bilen garşylap, ýurduň ähli ilatynyň, ilkinji nobatda bolsa, Hyrat welaýatynyň ilatynyň adyndan goldaw we kömek üçin milli Liderimize we doganlyk türkmen halkyna çuňňur hoşallyk bildirdiler. Şol kömek-goldaw Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi hem-de Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoly ýaly, iri taslamalarda hem beýanyny tapýar. Bu taslamanyň çäklerinde, şeýle hem elektrik geçirijileri gurmak maksat edinilýär. Munuň özi sebitiň depginli ösdürilmeginde ýoluň tutýan ornuny artdyrýar. Türkmenistandan Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän elektrik energiýanyň möçberlerini artdyrmak hakynda çözgüt kabul edildi. Biziň ýurdumyz döredilen goşmaça kuwwatlyklaryň hasabyna Owganystana elektrik energiýanyň iberilişiniň möçberlerini diňe bir ençeme esse artdyrmaga taýýar bolman, eýsem-de, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Owganystan-Pakistan taslamasynyň çäklerinde ony eksport etmek boýunça täze meýilnamalary durmuşa geçirmek babatda anyk işleri hem alyp barýar. Bularyň ählisi Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine, adamlaryň oňat durmuşda ýaşamagyna, olaryň abadançylygynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Ýurdumyz doganlyk owgan halkyna, goňşy ýurduň täzeden dikeldilmegine hemmetaraplaýyn kömek we goldaw berýär. Türkmenistanyň teklibi boýunça Aşgabatda noýabr aýynyň ortalarynda Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň 7-nji maslahaty geçirilip, şonda tutuş sebit üçin ähmiýetli bolan ylalaşyklar gazanyldy. Eýýäm aýyň ahyrynda bolsa ýurdumyz bu wekilçilikli forumyň tekliplerini iş ýüzünde anyk durmuşa geçirmäge girişdi—türkmen demir ýol gurluşykçylary Owganystanyň Turgundy şäherine çenli polat ýoly gurup başladylar. Bu ýoluň ähmiýeti Owganystanyň ykdysadyýetinde we haryt dolanyşygynda ep-esli güýçlener. Çünki goňşy döwlet bu demir ýol şahasy boýunça öz önümlerini daşary bazarlara çykarmak hem-de daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän harytlary ibermek üçin has amatly mümkinçilige eýe bolýar. Demir ýollar we awtomobil ýollar Turgundy şäherini Owganystanyň Hyrat welaýatynda Aşgabat bilen, soňra Hazar deňzinde Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz menzili bilen birleşdirýär. Ondan aňry geçelge Hazaryň üsti bilen Bakuwa çenli, soňra bolsa Tbilisiň üsti bilen Ankara we ondan aňryk Stambula çenli dowam eder. Türkmenistanda bar bolan demir we awtomobil ýollary bu ulag geçelgesiniň eýýäm ep-esli bölegini emele getirýär, oňa Turgundynyň hem goşulmagy, ilkinji nobatda, üstaşyr geçirmegiň logistikasyny ýeňilleşdirmäge, Owganystanyň ykdysady taýdan ýakynlaşmagyny artdyrmaga hem-de sebitde söwdanyň möçberlerini köpeltmäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Şeýlelik bilen, Serhetabat (Türkmenistan)—Turgundy (OYR) demir ýol ugry Owganystanyň ykdysadyýetini ösdürmek üçin goşmaça ýagdaýlary döretmäge mümkinçilik berer, bu ýurtda kiçi we orta işewürligi işjeňleşdirmäge, owgan önümleriniň goňşy döwletleriň bazarlaryna çykarylmagy üçin mümkinçilikleri açar. Bu taslama sebitde döwletara gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmaga, şeýle hem Türkmenistanyň sebitiň we yklymyň möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde ykrar edilmegine ýardam eder. Ulag gatnawlarynyň ösdürilmegi häzirki wagtda netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm şertleriniň birine öwrülýär. Şu babatda, gadymy döwürlerde ýurtlary birleşdirýän hem-de halklary ýakynlaşdyrýan ýollary we köprüleri gurmagy sogap iş hasap eden türkmen halkymyz bu däbi mynasyp dowam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Ýurdumyzda awtomobil we polat ýollary çekilip, olar halkara ölçeglerine doly kybap gelýär hem-de diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, serhetdeş döwletleriň hem ulag ulgamlaryny sebitiň logistika ulgamyna birikdirmek işini ýeňilleşdirýär. Muňa mysal hökmünde Türkmenistan—Owganystan—Täjigistan polat ýolunyň başlangyç tapgyryna öwrülen Gazagystan—Türkmenistan—Eýran, Kerki (ozalky Atamyrat)—Ymamnazar—Akina demir ýoluny görkezmek bolar. Onuň işe girizilmegi bilen biziň ýurtlarymyzyň üstaşyr-ulag kuwwatyny netijeli amala aşyrmak, olaryň häzirki halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulmagy üçin täze mümkinçilikler peýda boldy. Taslama gatnaşýan döwletler täze bazarlara çykmak mümkinçiligine eýe bolýarlar, mundan başga-da, munuň özi Owganystan üçin durmuş-ykdysady taýdan ösmäge, şäherleri, kärhanalary gurmaga, iş orunlaryny döretmäge itergi berdi. Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýän hem-de garaşsyz ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçirijilik mümkinçiligini artdyrýan bu ýol Ýewropa, Aziýa-Ýuwaş umman we Günorta Aziýa ugry boýunça möhüm halkara geçelgesine öwrülmelidir. Onuň esasy maksady sebitiň döwletleri bilen netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny berkitmäge ýardam edip, millionlarça adamlaryň bähbidine, ählumumy parahatçylyga we abadançylyga hyzmat etmek bolup durýar. Gadym döwürlerde Türkmenistanyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýoly milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasy erki netijesinde häzirki zaman şertlerinde täze mazmuna eýe bolýar. Häzir Türkmenistanda Aşgabadyň halkara howa menzili ýaly, ägirt uly taslamalar amala aşyryldy. Türkmenbaşy deňiz porty, Aşgabat-Türkmenbaşy awtobany we beýlekiler gurulýar. Ýurdumyzda demir ýol, awtomobil, howa we suw ulaglary üçin oňaýly we howpsuz halkara ulag ýollary döredilýär, bu bolsa sebitde durnukly ösüşi- halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň giňelmegini, syýasy we medeni hyzmatdaşlygyň berkidilmegini, söwda haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artmagyny üpjün edýär. Türkmenistan ulaglaryň dürli görnüşleriniň halkara ýollarynyň möhüm çatrygyna, Ýewraziýanyň iri ulag-üstaşyr merkezine öwrülýär. Biziň ýurdumyzyň gurýan dostluk we hyzmatdaşlyk ýollary Birleşen Milletler Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy,Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde hem özara gatnaşyklary berkitmäge ýardam edýär. Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagynda gurulýan täze ýollar Ýewraziýa yklymynyň uly giňişliginde durnukly ösüşi üpjün etmekde biziň sebitimiziň ornuny pugtalandyrýar. Ösen ulag-üstaşyr düzümi döretmek-biziň ileri tutýan strategiki wezipämiz bolup durýar diýip, iri düzüm taslamalarynyň başyny başlan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Olaryň hatarynda şu ýylyň mart aýynda açylan Amyderýanyň üstünden geçýän, sebit möçberinde möhüm ähmiýeti bolan demirýol we awtomobil köprüleri bar. Häzir ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeler ozaly bilen halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, asuda we abadan durmuşy üpjün etmäge gönükdirilendir. Şonuň bilen birlikde olar goňşy döwletleriň ykdysadyýetini we durmuş düzümini ösdürmäge mümkinçilik döredýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işläp taýýarlan we işjeň amala aşyrylýan Türkmenistanyň logistik strategiýasynyň esasynda taryhylyk ýörelgesi durýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň çäginden gadym döwürlerden bäri yklymyň halklaryny we döwletlerini birleşdiren söwda ýollary, Beýik Ýüpek ýoly geçip, olar siwilizasiýanyň ösmeginde, Gündogaryň we Günbataryň özara gatnaşyklarynda örän uly orun eýeläpdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 65-njy, 66-njy we 70-nji mejlislerinde, GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň, ŞHG-nyň sammitlerinde we ýokary derejeli beýleki forumlarda beýan eden halkara başlangyçlary döwrüň täze ýagdaýlaryny nazara almak bilen, özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryny berkitmäge we giňeltmäge gönükdirilendir. Gürrüň hususan-da, BMG-nyň ulagy ösdürmek boýunça Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hakynda barýar. Ol Hazar we Gara deňizleriniň, Orta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň arasyndaky üstaşyr-ulag mümkinçilikleriniň öwrenilmegini göz öňünde tutýar. Halkara ulag-logistik ulgamy häzirki şertlerde Beýik Ýüpek ýolunyň wezipesini ýerine ýetirýär. Ol halkara syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ygtybarly binýat bolup, hoşniýetli goňşuçylyk, özara we köptaraplaýyn bähbitlilik ýörelgelerinde goşulyşmak işiniň ähmiýetli şerti bolup hyzmat edýär. Bu mowzuk Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda milli taryhymyzdan, gadymy rowaýatlardan, ýurdumyzyň durmuşyndan wakalaryň mysalynda çuňňur we aýdyň açylýar. Milli Liderimiziň bu işinde belleýşi ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň döremeginde we işjeň hereket etmeginde esasy orunlaryň biri türkmenlere hem degişlidir. Bu ýoluň her bir şahasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy sanawyna goşulmaga mynasypdyr hem-de türkmen halkyna-da degişlidir. Şeýlelikde, biziň döwletimiziň asyryň iri ulag taslamalaryny üstünlikli amala aşyrmagy bilen täze taryhy ýazylýar hem-de Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek hakynda pikir täze mazmuna eýe bolýar. Garaşsyz bitarap Türkmenistan bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, onuň ýüregi bolup durýar.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow