Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmen dokma önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny atrdyrmak boýunça çäreleriň toplumy bellenildi
Ykdysadyýet
Türkmen dokma önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny atrdyrmak boýunça çäreleriň toplumy bellenildi
Çap edildi 24.11.2017
1958

Türkmenistanyň hökümetiniň mejlisinde 2018-nji ýylda dokma pudagynyň kärhanalaryny ýeňillikli bahalar boýunça pagta çig maly bilen üpjün etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde senagat meseleleri boýunça wise-premýer M. Aýdogdyýewiň habar berşi ýaly, häzirki wagtda dünýäde dokma önümleriniň öndürilişiniň möçberi olara bolan isleglerden has ýokary bolup durýar. Munuň özi bu önümleri ýerlemekde uly bäsdeşligi döredýär. Onuň sözlerine görä, türkmen dokma kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmek ulgamynda oýlanyşykly nyrh syýasaty bar bolan önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmaga, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga, pudaklaýyn kärhanalaryň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary hilli önümleriň çykarylýan möçberlerini artdyrmakda we görnüşlerini giňeltmekde dokma senagatyna möhüm ornuň degişlidigini belledi. Pudagyň ösüşiniň ýokary depginini üpjün etmek, türkmen dokma önümleriniň daşary bazarlardaky bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak maksady bilen, döwlet derejesinde möhüm çäreler, şol sanda dünýäniň dokma işewürliginde durnukly orny eýelemäge ukyply milli özboluşlylygy ýüze çykarýan aýratynlygy döretmek boýunça çäreler görülýär.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow