Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndy topary Aziýa Kubogy-2019-yň final tapgyryna çykdy
Sport
Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndy topary Aziýa Kubogy-2019-yň final tapgyryna çykdy
Çap edildi 14.11.2017
3718

14-nji noýabrda Balkanabatda Türkmenistanyň we Hytaý Taýpeýiniň ýygyndylarynyň arasynda gepçirilen bäsleşik Aziýa yklymynyň kubogy ugrunda futbol ýaryşlaryna gatnaşjak 24 toparyň ýene-de birini aýan etdi. Ol – Türkmenistanyň ýygyndy topary. Aziýanyň Kubogy-2019-yň final tapgyryna çykmak ugrundaky iň soňky tapgyryň öňüsyrasynda BAE-de geçirilen bäsleşiklerde ýurdumyzyň ýygyndy topary Bahreýniň topary bilen birinji – ikinji orny paýlaşdy we şu günki bäsdeşlerden bir utuk artykmaçlyk gazandy. Aziýa Kubogynyň 17 bäsleşiklerine gatnaşmak üçin türkmen ýygyndysyna ýeňiş zerur bolup durýar. Türkmenistanyň toparynyň garşydaşy utuklaryň umumy sanawyny saklamak bilen, oýnuň başyndan hüjüme geçip başlady we gyssagly gol geçirip özüniň ygtybarly ýeňşini pugtalandyrmaga çalyşdy. Ýöne Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň garşydaşynyň yzygiderli hüjümleri birsyhly yzyna gaýtaryldy we oýun biziň toparymyzyň peýdasyna ösdürilip başlady. Şunlukda netijä uzak garaşmaly bolmady. Oýnuň 22-nji minutynda Myrat Ýagşyýew Türkmenistanyň ýygyndysyny öňe çykardy. Bu bolsa mpeýdançanyň ähli ýerinden garşydaşyň derwezesine tarap hüjümi güýçlendirmäge oňyn mümkinçilik boldy. Ýene-de birnäçe hüjümleri amala aşyrmak bilen, oýnuň 40-njy minutynda Altymyrat Annadurdyýew hasaby artdyrdy. Ýeri gelende aýtsak, garşydaşlaryň derwezesine toplary girizen oýunçylaryň ikisi hem paýtagtymyzyň “Altyn asyr” futbol klubynyň wekilleridir. Ýaryşyň ikinji ýarymynda biziň toparymyz hüjüm etmegi yzygiderli alyp bardy. Ýöne ikinji bölümiň ortalarynda garşydaşlarymyz bu ýaryşda utulsa, Aziýa futbol turnirine gatnaşmakdan mahrum bolýandyklary üçin, öz tagallalaryny yzygiderli güýçlendirdiler. Biziň futbolçylarymyz goragy güýçlendirip, oýnuň tutuş dowamynda garşydaşlaryň hüjümlerini yza serpikdirdiler. Ýöne oýunuň tamamlanmagyna sanlyja minut galanda garşydaş toparyň oýunçysy Çen Po Liýang 11 metrlik urguny dürs ýerine ýetirdi. Şeýle-de bolsa Türkmenistanyň topary garşydaşlara üstünlik gazanmaga mümkinçilik bermedi. Şunlukda biziň toparymyz 2:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, Aziýa Kubogy- 2019-yň final tapgyryna çykdy. ... Türkmenistan indi toparyň birinji orny ugrunda Bahreýniň futbolçylary bilen duşuşar. Ýöne biziň toparymyzyň esasy üstünligi gazandy. Öňde boljak ýaryşlara Aziýa Kubogy-2019-a boljak taýýarlygyň başlangyjy hökmünde garamak bolar.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow