Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň durnukly ösüşini çaklaýar
Ykdysadyýet
Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň durnukly ösüşini çaklaýar
Çap edildi 10.11.2017
2018

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 10-njy noýabrynda geçirilen mejlisinde Halkara pul gaznasynyň wekiliýetiniň işiniň netijeleri barada habar berildi. Wekiliýet milli ykdysadyýetimiziň ösüşine ýokary baha berdi, munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň üstünlikleri beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Bellenilişi ýaly, HPG-nyň bilermenleri tarapyndan taýýarlanylan bu baradaky habarda, 2017-nji ýylyň 1-8-nji noýabry aralygynda Aşgabada amala aşyran iş saparynyň jemleri barada habar berildi. Saparyň çäklerinde iri maliýe guramasynyň baştutany jenap Martin Sommer döwlet edaralarynyň jogapkärli işgärleri, ýurdumyzyň maliýe düzümleriniň, ylmy toparlarynyň hem-de diplomatik bileleşigiň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Makroykdysady we maliýe ýagdaýy, ykdysady wehimler, şeýle hem ýurdumyzyň geljegi üçin ösüşine çaklama bermek meseleleri duşuşyklarda garalan möhüm ugurlar boldy. HPG-niň saparynyň jemleri boýunça habar beriş serişdeleri üçin taýýarlanan maglumat habarynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň nebite we tebigy gaza nyrhlaryň peselmegi bilen bagly täze ýagdaýlara uýgunlaşýandygy bellenilýär. Resmi taýdan yglan edilen ösüş derejesi daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilmeginiň, karz syýasatynyň giňeldilmeginiň hem-de tebigy gazy eksport etmegiň hasabyna umuman durnukly bolmagynda galýar. Göz öňünde tutulýan täze gazy gaýtadan işleýän toplumlaryň ulanmaga berilmegi ykdysady işjeňligiň mundan beýläk-de ösüşine ýardam berer. HPG-nyň bilermenleri tarapyndan resmi düzümler tarapyndan makroykdysady özgerişliklere, hususan-da, döwlet maýa goýumlarynyň kem-kemden azaldylmagy we jemagat hyzmatlaryna nyrhlaryň üýtgedilmegi özgerişliklere ýardam berer. Döwlet mýa goýumlarynyň çykdajylarynyň kem-kemden azaldylmagy milli walýutanyň çalşylýan hümmetiniň derejesine üýtgetme girizmek bilen bilelikde hem-de walýuta kadalaşdyrylmagyny oňynlaşdyrmak çäreleri netijeli ädimleriň hatarynda görkezildi. Ýakyn geljek baradaky çaklamalar babatynda milli ykdyswadyýetiň öňünde amatly mümkinçilikler açylýar. Hususy bölegiň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň zerurdygyna aýratyn üns berilýär, netijesiz kadalaşdyrylmagynyň hem-de işewürligi alyp barmagyň ýönekeýleşdirilmegine ilkinji derejeli üns berler, munuň özi esasan-da döwlet kärhanalarynyň hususylaşdyrylmagyna hem-de ilkinji nobatda adam mümkinçilikleriniň peýdalanylmagyna degişlidir. Şeýle hem jemleýji resminamada ýakynda kabul edilen ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2018-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň maksatnamasynyň ähmiýeti bellenilýär, bu maksatnama has uzak geljek üçin durnukly we ählumumy ösüşi höweslendirmek maksady bilen bazar gatnaşyklaryna gönükdirilen özgertmeleri giňeltmek we çuňlaşdyrmak üçin mümkinçilikleri açýar. Erkin ykdysady zolaklarda ýönekeýleşdirilen düzgünler täze hususy maýa goýumlaryny, daşary ýurt maýa goýumlaryny özüne çekip biler, islendik oňyn mysallary Türkmenistanyň beýleki sebitlerinde hem giňden ýaýratmak gerek.

Soňky habarlar
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow