27.02
2017
Ulag aragatnaşyk pudagyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça geçirilen iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan özgertmelerini durmuşa geçirmekde ähli ugurlaryň tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň, wezipeleriň çözgüdine jogapkärçilikli hem-de oýlanyşykly çemeleşmegiň zerurdygy bellenildi.
27.02
2017
Söwda toplumy we telekeçilik düzümleriniň hem-de ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynyň gün tertibine milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny we görkezmelerini durmuşa geçirmäge, pudaklaýyn meýilnamalary amala aşyrmaga degişli meseleler girizildi. Olaryň hatarynda ýurdumyzda öndürilýän daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberini artdyrmak, ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek bar.
27.02
2017
Oba hojalyk toplumynyň meseleleri boýunça iş maslahatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat toplumynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri işjeňleşdirmek baradaky talaplaryna üns berildi.
27.02
2017
Ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamynyň iş maslahatyna ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, maliýe we salgyt düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Onda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän kuwwatly milli ykdysadyýeti kemala getirmegiň döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biridigi bellenildi. Bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň ileri tutulmagy onuň Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna üstünlikli goşulyşmagy hem-de ýurdumyzyň durnukly ösmegi üçin zerur şertdigi bilen baglanyşyklydyr.
25.02
2017
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 95-si hasaba alyndy.
24.02
2017
Türkmen halyçylyk pudagynyň täze derejä çykmagy üçin has amatly şertleri üpjün etmek maksady bilen, pudakda hususylaşdyrmagy geçirmek zerurdyr. Bu baradaky pikiri şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet maslahatynda beýan etdi.
24.02
2017
Paýtagtymyzda Uz-Daewoo kysymly ulaglaryň dowamy bolan täze kysymly Ravon awtomobilleriniň tanyşdyrylyşy boldy. Bu çäre “UzAwtoSanoat” paýdarlar kompaniýasy we Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Türkmenistan” döwlet söwda merkezi bilen bilelikdäki döredilen “Turkmen-UzAWTO” hojalyk jemgyýeti tarapyndan guraldy.
23.02
2017
Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işini tamamlady. Ol Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de “Meridýen Uluslararasi Fuarçilik” türk kompaniýasy tarapyndan bilelikde guraldy.
23.02
2017
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda Azyk senagaty döwlet birleşiginiň buýurmasy boýunça “Gök ýyldyz” hususy kärhanasy tarapyndan iri ýyladyşhana toplumy gurulýar.
22.02
2017
2016-njy ýylyň netijeleri boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýän pudaklaryň içinde jemi önümiň goşulan bahasynyň ýokary ösüş depgini bolan 14 göterimden gowrak görkeziji söwda ulgamynda hasaba alyndy.