07.02
2017
Türkmenistanyň senagat syýasaty innowasion taýdan ösüşe, milli ykdasadyýetiň bäsleşige ukyplylygynyň ýokary derejesini üpjün etmäge gönükdirilendir. Dünýä bazarynda milli önümçiligiň senagat harytlarynyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak üçin ýurdumyzda gaýtadan işleýän kärhanalar döwrebaplaşdyrylýar, netijeli tehnologiýalar ornaşdyrylýar.
07.02
2017
Türkmen ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalary tarapyndan ýanwar aýynda nebit we gaz kondensatyny almak boýunça meýilnama 108 göterim, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 107,6 göterim berjaý edilip, ösüş depgini 100,7 göterime deň boldy.
07.02
2017
Türkmenistanyň oba senagat toplumynda ýanwar aýynda geçen ýylyň degişli döwründäki bilen deňeşdirilende, önüm öndürilişiniň umumy möçberiniň ösüşi 4 göterim üpjün edildi.
04.02
2017
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.
01.02
2017
Türkmenistan gaz görnüşli uglewodorod serişdeleri boýunça iň baý ýurtlaryň biri hasaplanýar. Munuň bilen bir wagtda hem alymlar ýurdumyzyň düzlük meýdanlarynda, şeýle hem Günbatar-Türkmen dag çöketliginiň çäklerinde geçirilýän geologiýa, geofizika we buraw barlaglary netijesinde gazyň we gaz kondensatynyň gorlarynyň düýpli bilelikde ösdüriljekdigine ynanýarlar.
27.01
2017
Täze köpri goňşy döwletleriň arasyndaky söwda aragatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, ýük we ýolagçy gatnawlarynyň üznüksiz amala aşyrylmagyna ýardam eder.
21.01
2017
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.
19.01
2017
Mary welaýatyna iş saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow utgaşykly dolanyşykda işleýän gazbugturbinaly elektrostansiýanyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Kuwwatlylygy 1574 MWt bolan elektrostansiýa “Türkmenenergo” Döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň buýurmasy boýunça Mary DES-niň çäklerinde bina edilýär.
16.01
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde Ministrler Kabinetiniň ulag we aragatnaşyk ulgamyna, senagat pudagyna, nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlarynyň, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň we Balkan welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
16.01
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinde gurulýan Halkara deňiz menziline bardy. Döwlet Baştutanymyz deňiz menziliniň desgalarynda işläp ýören hünärmenler we işçiler bilen duşuşdy, işleriň barşy, taslamanyň tehniki aýratynlyklary, port hojalygyna gelip gowşan tehnikalaryň nusgalary bilen tanyşdy.