20.06
2017
Ykdysadyýet we ösüş ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň wekilleriniň hem-de Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň hünärmenleriniň duşuşygy geçirildi. Ol Durnukly ösüşiň maksatlarynyň durmuş görkezijilerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy.
17.06
2017
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 57-si hasaba alyndy.
16.06
2017
Berlinde Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Süýşürintgiler kassalarynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça gaznasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi. Resminama maliýe ulgamyny berkitmek hem-de bank ulgamynyň hünärmenlerini okatmak babatda deňhukukly hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir.
16.06
2017
Türkmenistanyň ýer eýeleri 16-njy iýuna çenli bugdaý öndürmek boýunça döwlet buýurmasyny 25 göterim ýerine ýetirdiler. Bu barada hökümetiň mejlisinde oba hojalyk meseleleri boýunça wise-premýer E. Orazgeldiýew habar berdi.
15.06
2017
Halkara pul gaznasy şu gün Türkmenistan bilen 2017-nji ýylyň maslahatynyň jemleri boýunça maglumatlary ýaýratdy.
14.06
2017
Ýurdumyz boýunça depgini günsaýyn ýokarlanýan galla oragyna şu gün Daşoguz welaýatynyň daýhanlary hem girişdiler. Daşoguz welaýatynda galla oragyna başlamak hormatyna Görogly etrabynyň “Aksaraý” daýhan birleşiginiň gallaçylary mynasyp boldular. Ýaşulular asyrlaryň dowamynda emele gelen asylly däbe görä Beýik biribardan galla oragynyň üstünlikli geçirilmegini dileg etdiler. Soňra olar ýaş nesliň gowşuran oraklaryny alyp, “Harmanyňyza bereket, çäjiňize bereket!” diýen sözler bilen oraga ak pata berdiler hem-de nobaty kombaýnçylara geçirdiler.
10.06
2017
Türkmen sergisi EKSPO-2017-de meýdany boýunça iň ulularynyň biridir. Onuň çeperçilik bezegi türkmen medeni mirasynyň keşbine öwrülen tanalýan gölleri bilen milli nyşanlar astynda gurnalypdyr.
10.06
2017
Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny, BAE-den we Owganystandan gelen işewürler bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini, agyr wakum gazoýlyny satyn aldylar.
08.06
2017
Ýurdumyzyň ýüpekçileri möhüm zähmet üstünligini gazandylar. Olar döwlete 2 müň 40 tonna golaý pile tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hoş habar berdiler.
07.06
2017
Türkmenistanda galla oragyna badalga berildi. Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda bu möhüm çärä girişildi, Daşoguz welaýatynyň ekerançylary galla oragyna 14-nji iýunda başlarlar.