28.08
2017
Türkmenistanyň Prezidentiniň buýrugyna laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, jemagat hojalygy kärhanalarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň jemagat hojalygy ministri Abilow Myratniýaz Ýazmuhammedowiçe duýduryş yglan edildi.
27.08
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Krasnodar ülkesinde awtobusyň ýol-ulag heläkçiligine uçramagy netijesinde köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmeleri zerarly, gynanç hatyny iberdi.
26.08
2017
Şu gün Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň ýigrimi ikinji maslahaty boldy. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň möhüm ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamasyna laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlar we kadalaşdyryş-hukuk namalary kabul edildi.
25.08
2017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onuň gün tertibine laýyklykda, döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.
25.08
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Orman Nurbaýewi kabul etdi.
25.08
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Serbiýadaky ilçisini bellemek hakynda Permana gol çekdi.
24.08
2017
Şu gün dostlukly ýurduň paýtagtynda netijeli döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze ugurlaryny kesgitlän ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere resmi sapar bilen geldi.
23.08
2017
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Ermenistan Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
23.08
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Mongoliýanyň Prezidenti Haltmaagiýn Battulganyň arasynda telefon arkaly gepleşik boldy.
21.08
2017
Ginnesiň rekordlar kitaby üçin maglumatlary ýygnamak bilen meşgullanýan Guinness World Records kompaniýasynyň wekilleri Aşgabadyň täze gözel ýerleriniň käbir desgalaryny ölçegleri boýunça örän iri hökmünde bellige aldylar. Munuň şeýledigini tassyklaýan güwänamalara laýyklykda, Aşgabadyň täze döwrebap Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde, Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň Sportuň suw görnüşleri merkezi bolsa halkara ölçegleriň ýokary talaplaryna laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa serişdelerden taýýarlanan, häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda bina edilen, dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.