15.02
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygynyň orunbasary Serdar Hojanazarowiç Gurbandurdyýew Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
15.02
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daniýanyň Şazenany Margrete II onuň ýanýoldaşy – Şazada Henrigiň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny ýollady.
15.02
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belli “Rohde & Schwarz” nemes kompaniýasynyň “Howpsuz aragatnaşyk enjamlary, ýerleýiş we taslamalar” departamentiniň uly wise-prezidenti Hartmut Ýeşkeni kabul etdi.
15.02
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky we “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň ugrunda bu Banklaryň edara binalarynyň taslamasyny düzmek we ony kompýuter, mebel hem-de beýleki zerur tehniki enjamlar we serişdeler bilen doly enjamlaşdyryp, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasy bilen şertnama baglaşar;
15.02
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Köpetdag şaýolunyň ugrunda Hökümet münberiniň binasynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Buig Batiman Internasional” fransuz kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
14.02
2018
Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda desgalaryň iri toplumynyň – edara binalaryny we söwda merkezlerini ulanmaga bermek dabarasy geçirildi, Ahal welaýatynda bolsa aýna önümleriniň önümçiligi boýunça kärhananyň açylyşy boldy.
13.02
2018
14-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary döwlet wezipesine girişmegine 11 ýyl dolýar.
13.02
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi.
12.02
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine Balkan welaýatynyň çäklerinde nebit bilen hapalanan meýdanlary arassalamak barada “Mawy kenar” bilelikdäki kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
12.02
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewe AN-148 ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu heläkçiligiň köpsanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.