03.10
2018
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan 2018-nji ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri jemlenildi. Şeýle hem gün tertibine goranmak häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, harby gullukçylaryň ýaşaýyş we gulluk şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky wezipeler girizildi.
03.10
2018
Sizi dostlugyň we parahatçylygyň deňzine öwrülen Hazaryň türkmen kenarynda — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň syýahatçylygynyň merjenine öwrülen ajaýyp Awazada Hazarýaka döwletleriniň mekdep medeni-sport festiwalynyň dabaraly açylmagy mynasybetli gyzgyn gutlaýaryn!
02.10
2018
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda çapdan çykan “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdiler.
02.10
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiziň uçary Nýu-Ýork şäherinden köp sagatlyk uçuşy amala aşyryp, türkmen paýtagtynyň Halkara howa menzilinde gondy, bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar, olar milli Liderimizi ABŞ-a amala aşyran üstünlikli sapary bilen gutladylar.
02.10
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Joko Widodo ýurduň Sulawesi adasynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren ýertitremesi we sunami zerarly gynanç hatyny iberdi.
02.10
2018
Sizi Aziýanyň merjen şäheri bolan Aşgabatda geçirilýän «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XII halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň we ylmy maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
01.10
2018
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatyna gatnaşmak üçin ABŞ-da iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi.
01.10
2018
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň işine gatnaşýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün öz kabulhanasynda “Oxbow” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Uilýam Koh bilen duşuşdy.
01.10
2018
Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda (HGI) Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň günleriniň açylyş dabarasy boldy.
01.10
2018
Sizi dünýä bileleşigi bilen birlikde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde hem giňden bellenilýän Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!