16.11
2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Babajanow S.H. hakynda
16.11
2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ö.I.Enermyradow hakynda
16.11
2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany S.S.Meredow hakynda
16.11
2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkiminiň orunbasary Aýdogdy Geldimämmedowiç Nurgeldiýewiň üstüne ýüklenildi.
15.11
2018
Şu gün türkmen paýtagtynda Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk (CAREC) Maksatnamasynyň 17-nji ministrler maslahaty geçirildi. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen maslahata CAREC Maksatnamasyna girýän ýurtlaryň, şeýle hem Aziýanyň Ösüş bankynyň, Bütindünýä bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, CAREC institutynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň, Halkara pul gaznasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň we beýlekileriň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar.
15.11
2018
Sizi Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň «CAREC 2030: Söwdany giňeltmek we diwersifikasiýa ýardam bermek» atly Merkezi Aziýada sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň 17-nji ministrler maslahatynyň öz işine başlamagy bilen gutlaýaryn!
14.11
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Marsiýa Donner Abreudan ynanç hatyny kabul etdi.
14.11
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň Ösüş bankynyň ýolbaşçysy Takehiko Nakaony kabul etdi.
14.11
2018
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň sarp edijileriniň elektrik energiýasy bilen üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagyny we ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň özara ätiýaçlandyrylmagyny üpjün etmek, Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň we podstansiýalaryň gurluşygyny maliýeleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
13.11
2018
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň oba hojalyk tehnikalary we gurallary bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak hem-de agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrligine Türkmenistanyň Prezidentiniň
2017-nji ýylyň 6-njy martynda çykaran 88-nji Kararyna laýyklykda, Özbegistan Respublikasynyň “Uzsanoateksport” paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşan şertnamasyna, onuň esasynda satyn alynmagy bellenen oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň uly tapgyryny satyn almak we töleglerini tölemek barada goşmaça ylalaşygy baglaşmaga ygtyýar berildi.