08.01
2019
Täze ýylda bagt we rowaçlyk arzuw edýäris.
07.01
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze, 2019-njy ýylda ilkinji wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.
07.01
2019
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkiminiň orunbasary Aýdogdy Geldimämmedowiç Nurgeldiýew Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.
07.01
2019
Gurbanmuhammet Babajanowiç Annaýewi Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.
07.01
2019
Nazarow Töregylyjy, işde goýberen kemçilikleri üçin, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
07.01
2019
Halžan Atažanowiç Nuržanowy Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.
07.01
2019
Abdyşükürow Süleýman Orunbaýewiçi, işde goýberen kemçilikleri üçin, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
07.01
2019
Batyr Gylyjowy Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
07.01
2019
Kurbandurdyýew Aşyr Rozymuradowiçi, işde goýberen kemçilikleri üçin, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
07.01
2019
Söhbet Allakulyýewi Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.