11.03
2019
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkimi Kürtow Kakamyrat Begençmyradowiçe käýinç yglan edildi.
11.03
2019
Türkmenistanyň Prezidenti Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidenti hanym Sahle-Work Zewdä «Ethiopian Airlines» awiakompaniýasynyň uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu heläkçiligiň köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.
11.03
2019
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreşe «Ethiopian Airlines» awiakompaniýasynyň uçarynyň heläkçilige uçramagy netijesinde Birleşen Milletler Guramasynyň köp sanly işgärleriniň gurban bolandygy zerarly gynanç hatyny iberdi.
11.03
2019
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň «Hazar deňzinde gözleg-halas ediş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda» Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak we ylalaşmak boýunça birinji mejlisi öz işine başlady.
10.03
2019
Türkmenistanyň Hazarýaka döwletleri bilen özara hyzmatdaşlygyny uzakmöhletleýin esasda hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de Hazar deňzinde gözleg we halas ediş işlerini geçirmek bilen bagly çäreleri kadalaşdyrmak we bu ugurda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny işläp taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, Türkmenistanyň Goranmak ministrligine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň 2019-njy ýylyň 11 — 13-nji marty aralygynda Aşgabat şäherinde «Hazar deňzinde gözleg-halas ediş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriniň wekilleri bilen gepleşikleri geçirmek tabşyryldy.
08.03
2019
Sizi tebigatyň, jümle-jahanyň oýanyp, gözelligi, ýakymlylygy, ajaýyplygy bilen göwünlere ylham-joşgun paýlaýan bahar paslynyň ilkinji günlerinde giňden hem-de dabaraly bellenýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
07.03
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere we taýýarlanylan resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
07.03
2019
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň pudagara algy-bergilerini hasaplaşmak we olaryň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankyna Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine 192 million manat möçberde ýyllyk 5 göterim bilen 10 ýyl möhlete karz bermek tabşyryldy.
07.03
2019
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gözel Diýarymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ata Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwürýär. Alnyp barylýan beýik işler mähriban halkymyzyň bolelin we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, agzybir jemgyýetimiziň mundan beýläk-de kämilleşmegi üçin amatly mümkinçilikleri üpjün edýär. Barha gözel görke gelýän Garaşsyz ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerine, ýetýän ýokary sepgitlerine zähmetsöýer zenanlar uly goşant goşýar.
07.03
2019
Şu gün paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ýewropa Bileleşiginiň «Türkmenistanda oba hojalygyny we obany mundan beýläk-de durnukly ösdürmäge ýardam bermek — SARD III» Taslamasynyň Ýolbaşçy komitetiniň bäşinji iş duşuşygy geçirildi.