29.10
2020
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, ykdysadyýetde hususy eýeçiligiň paýyny ýokarlandyrmak, kiçi we orta işewürligi ösdürmäge ýardam bermek hem-de söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini has-da netijeli guramak maksady bilen, «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
29.10
2020
Wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Reşit Meredowyň BMG-niň gurluş düzümleriniň we halkara maliýe edaralarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi.
29.10
2020
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideoaragatnaşygy arkaly iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesindäki syýasy geňeşmeler geçirildi. Ýurdumyza Wepa Hajyýew, Koreýa Respublikasyna Kim Gunn wekilçilik etdiler.
28.10
2020
Şu gün paýtagtymyzda S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygyndaky ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli «Mahabat» binasy ýerleşdirilen toplumyň hem-de «Diwan» myhmanhanasynyň açylyş dabaralary boldy.
28.10
2020
Şu gün Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň derejesinde «Hindistan — Merkezi Aziýa» dialogynyň ikinji mejlisiniň çäklerinde göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
28.10
2020
Sizi «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly XXV halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen geçirilýän bu halkara maslahatyň işine uly üstünlikleri arzuw edýärin!
27.10
2020
Şu gün Daşary işler ministrliginde göni wideoaragatnaşyk arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa bilen duşuşyk geçirildi.
27.10
2020
Şu gün Daşary işler ministrliginde onlaýn görnüşde Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň administratiw edarasynyň başlygy Mohammad Şakir Kargar bilen duşuşyk geçirildi.
27.10
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Muhiddin Ýassiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
25.10
2020
Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 79 509,6 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 23 398,0 mln. manat möçberde tassyklamaly.