Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda
Çap edildi 25.10.2020
3279

1-nji madda Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 79 509,6 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 23 398,0 mln. manat möçberde tassyklamaly. 2-nji madda Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 72 075,0 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 15 963,4 mln. manat möçberde tassyklamaly. 3-nji madda Umumydöwlet salgytlaryndan Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerine geçirmeleriň 2021-nji ýyl üçin kadalyk ölçeglerini şu aşakdaky möçberlerde bellemeli:

goşulan peýdadan ýerasty baýlyklardan peýdalanmak
baha üçin salgytdan alynýan salgytdan üçin salgytdan
Aşgabat şäheri 3,4% 3,4% 3,4%
Ahal welaýaty 100,0% 100,0% 100,0%
Balkan welaýaty 18,0% 18,0% 18,0%
Daşoguz welaýaty 100,0% 100,0% 100,0%
Lebap welaýaty 100,0% 100,0% 100,0%
Mary welaýaty 100,0% 100,0% 100,0%
4-nji madda 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden welaýatlaryň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin olara 2 638,4 mln. manat möçberde serişdeleri bölüp bermeli, şol sanda:

Ahal welaýaty 149,1 mln. manat
Daşoguz welaýaty 1 347,6 mln. manat
Lebap welaýaty 814,4 mln. manat
Mary welaýaty 327,3 mln. manat
5-nji madda Ýerli býujetleri 10 073,0 mln. manat möçberde, şol sanda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerini aşakdaky möçberlerde tassyklamaly:

Aşgabat şäheri 1 803,0 mln. manat
Ahal welaýaty 1 251,8 mln. manat
Balkan welaýaty 1 161,8 mln. manat
Daşoguz welaýaty 1 856,5 mln. manat
Lebap welaýaty 2 064,8 mln. manat
Mary welaýaty 1 935,1 mln. manat
6-njy madda Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýip bellemeli. 7-nji madda Býujet ýetmezçiliginiň emele gelen ýagdaýynda döwlet nesýe almalaryndan gelen serişdeler we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda býujet serişdelerinden emele gelen galyndylary maliýeleşdiriş çeşmeleri bolup durýar diýip bellemeli. 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet býujetine beýleki çeşmelerden gelip gowuşýan goşmaça girdejiler, şeýle hem girdejileriň çykdajylardan artyk gelen pul möçberleri, birinji nobatda döwlet nesýe almalary we bank karzlary boýunça bergini üzmek üçin gönükdirilýär diýip bellemeli. 8-nji madda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň kanunlaryndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlaryndan, kararlaryndan we buýruklaryndan gelip çykýan zerur bolan takyklamalary Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň görkezijilerine girizmegi, şeýle hem Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilmeginiň barşynda ähli çykdajy maddalary boýunça tygşytlanan serişdeleri zerur bolan ýagdaýlarda beýleki çykdajy maddalara gönükdirmegi tabşyrmaly. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri. 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabry. № 300-VI.

Soňky habarlar
04.09
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi
03.09
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine maýa goýumlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow