Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Sizi dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Goý, täze, 2022-nji ýyl Siziň üçin şowly ýyl bolsun! Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna umyt bildirýärin.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Şu gün ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly maslahat geçirildi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümleriniň has tapawutlanan serkerdelerine döwlet sylaglarynyň, harby derejeleriň gowşurylyş dabarasy boldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly geçirilen birinji “Merkezi Aziýa — Hindistan” sammitine gatnaşdy. 2022-nji ýylyň sebitiň döwletleri we Hindistan üçin şanly senä — diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna beslenýändigi bellärliklidir.
Ilki bilen, Hindistanyň Premýer-ministri jenap Narendra Modä birinji «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitine gatnaşmaga çagyrandygy üçin minnetdarlyk bildirýärin.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýakynda geçiriljek Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy.
Сегодня Президент Гурбангулы Бердымухамедов провёл рабочее совещание с председателем Меджлиса Милли Генгеша Г.Маммедовой и заместителем Председателя Халк Маслахаты Милли Генгеша К.Бабаевым, на котором были рассмотрены вопросы, связанные с подготовкой к внеочередному заседанию Халк Маслахаты Милли Генгеша.