Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
“Açyk gapylar” syýasatyna eýerip
Syýasy habarlar
“Açyk gapylar” syýasatyna eýerip
Çap edildi 04.05.2022
2523

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistana iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hanym Teri Hakala bilen geçiren duşuşygynda parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler häzirki zaman şertlerinde parlamentara hyzmatdaşlygyň netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň, ýurtlaryň hem-de halklaryň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm gurallarynyň biri bolup hyzmat edýändigini bellediler. Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi hem-de oňa agza ýurtlar bilen dostlukly we netijeli gatnaşyklara uly ähmiýet berýär. Bu ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk täze ugurlary öz içine almak bilen, barha giňeldilýär hem-de pugtalandyrylýar.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Biz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýeten derejesine ýokary baha berýäris hem-de oňa uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy hökmünde garaýarys» diýip nygtady we Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistany mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini çözmäge gönükdirilen taslamalaryň, maksatnamalaryň çäklerinde köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyza tehniki taýdan goldaw berip gelýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda hereket edýän hyzmatdaşlyk gurallarynyň, hususan-da, “Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan” bilelikdäki komitetiniň çäklerinde parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirildi. Taraplar soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda gazanylan ylalaşyklary kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça geçirilýän giň gerimli işleriň möhümdigini belläp, kanunçylyk ulgamynda özara tejribe alyşmak, ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen ikitaraplaýyn parlamentara duşuşyklary hem-de geňeşmeleri yzygiderli geçirmek baradaky pikiri beýan etdiler.

Gahryman Arkadagymyz “Açyk gapylar” syýasatyna ygrarly ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşigi we oňa agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine möhüm ähmiýet berýändigini nygtap, Aşgabatda geçirilen duşuşyklaryň däp bolan hyzmatdaşlyga täze itergi hem-de many-mazmun berjekdigine ynam bildirdi.

***

Şu gün Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hanym Teri Hakalanyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa bilen duşuşygy geçirildi. Onda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine, onuň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna düýpli ýardam berýän parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny ýene bir gezek nygtadylar.

Soňky habarlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
top-arrow