Şu gün Hytaýyň Halk ýygnaklar öýünde Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Li Çžanşu bilen duşuşygy boldy.
Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden arzuwlarymyzy kabul ediň!
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Pekinde birnäçe duşuşyklary geçirdi.
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çagyrmagy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň 5-6-njy ýanwarynda Hytaýda döwlet sapary bilen boldy.
Pekinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasyndaky gepleşikleriniň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.
Şu gün Pekinde Hytaý Halk Respblikasyna (HHR) döwlet saparyny amala aşyrýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gepleşikler başlandy.
Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady.
Sizi Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlaýaryn.
Ozaly bilen, Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparymyň öň ýanynda öz sahypalarynda çykyş etmäge teklibi üçin “Ženmin Žibao” gazetiniň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Şeýle abraýly hem-de hormatly neşiriň millionlarça okyjylaryna ýüzlenmek mümkinçiligi örän möhüm ähmiýete eýe bolup, munuň özi iki ýurduň arasyndaky özara düşünişmegiň, türkmen-hytaý dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam berer.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilen täze, 2023-nji ýylda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.