Siziň Alyhezretiňize we dostlukly türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýändigime şatdyryn.
Siziň Alyhezretiňize Hyrat welaýatynyň ilatynyň adyndan hem-de hut öz adymdan 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Owganystanyň Hyrat welaýatynda bolup geçen pajygaly ýertitremede ejir çeken owgan halkyna iberen ynsanperwerlik kömegiňiz hem-de Arkadag şäherinde beren sadakaňyz üçin hoşallyk bildirýärin.
Sizi 2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Daşkent şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi ugrunda çagalaryň we ýaşlaryň hereketi» atly halkara foruma gatnaşmaga çagyrmagy özüme uly hormat hasaplaýaryn.
It is a great honour for me to invite you to the International Forum «Children and Youth in Action – Climate Change in Central Asia», which will be held in Tashkent on the 9th of November, 2023.
Mälim bolşy ýaly, «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» hem-de «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» netijeli durmuşa geçirmek, halkara sergi işini ösdürmekde abraýly halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňden ýola goýmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň halkara sergi işini ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» tassyklaýan degişli Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň 5-nji oktýabrda Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzesi kabul etmegi we myhman bilen bu düzümiň goldaw bermeginde guralýan sergi-ýarmarka işleri ulgamynda özara hyzmatdaşlygyň meseleleri, şeýle hem öňdebaryjy tejribeleri öwrenmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmagy hem bu ugruň ýurdumyz üçin möhümdigine şaýatlyk edýär.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary tamamlandy.
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklar iki müň ýyldan gowrak wagtdan bäri dowam edip gelýär. Beýik Ýüpek ýoly iki ýurdy we olaryň halklaryny ysnyşykly baglanyşdyrypdyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň Hytaý bilen dost-doganlyk gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagy maksat edinýändigini mälim etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasyny Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen utgaşdyrmagyň möhümdigini belläp geçdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekine bolan iş saparynyň jemleýji gününde Halk ýygnaklar öýünde HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy.