Beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.
Daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
Orazmyrat Gurbannazarowy, saglyk ýagdaýy sebäpli, Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Begenç Hojagulyýewiç Goçmollaýewiň üstüne ýüklenildi.
Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň çalt depginli ösýän hususy pudagyny döwlet tarapyndan goldamagy dowam etdirmek, bazar gatnaşyklarynyň täze tapgyrynda innowasiýalara esaslanýan işewürligi ýokary bilimli kämil hünärmenler bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankyna, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Aşgabat şäherinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek maksady bilen, degişli möçberdäki serişdeleri karz bermek tabşyryldy.
Aşyrguly Begliýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellemeli.
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.