Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn, ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, şeýle hem ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize, eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky asylly däplerini dowam etdirmek we “Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 1152-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa, döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara 2025-nji ýylyň 1 — 6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 (altmyş) manat möçberde pul sowgadyny dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi.
Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny, Bitaraplygyny berkitmekde, daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki gatnaşyklaryny ösdürmekde, döwlet bähbitlerini goramakda gazanan uly üstünliklerini, diplomatik gullugy ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli, karar edýärin:
Bahar Hojamuradowna Seýidowany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasàry wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky (Pekin şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Parahat Hommadowiç Durdyýewi, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Mongoliýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanyň adalat edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we adalat edaralarynyň işgärleriniň iş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Adalat ministrligine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň adalat edaralarynyň edara binasynyň hem-de Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde Daşoguz welaýatynyň adalat edaralarynyň edara binasynyň taslamalaryny düzmäge hem-de olary döwrebap enjamlar bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, şeýle hem edara binalary üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň, lagymyň içerki we daşarky eltiji inženerçilik ulgamlaryny hem-de desgalaryny gurmaga we umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmäge ygtyýar berildi.
Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda atçylygy ösdürmekde, türkmeniň milli baýlygy we guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny saklamakda hem-de ýokarlandyrmakda, dünýä meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende götermekde bitiren uly hyzmatlaryny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsi — topar ýolbaşçysy Serdar Pygyýewiç Pygyýewe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmaly.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi we adamzat siwilizasiýasynyň gymmatly genji-hazynasy bolan, dünýä atçylyk medeniýetinde abraýly orun eýeleýän, milli buýsanjymyza, şan-şöhratymyza, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek sungatyny, atlary bezemek däplerini, milli atçylyk sportuny we at üstündäki oýunlary mundan beýläk-de ösdürmek, behişdi bedewlerimiziň durmuşdaky, sungat älemindäki möhüm ähmiýetini giňden wasp etmek, ýaş nesilleriň arasynda bedew ata we atçylyk sportuna söýgini, gyzyklanmany artdyrmak maksady bilen, şeýle hem ýurdumyzda milli atçylyk sportuny yzygiderli esasda ösdürmäge, behişdi bedewlerimizi halkara giňişlikde hemmetaraplaýyn tanatmaga goşýan uly goşantlaryny we bu ugurda gazanýan ajaýyp üstünliklerini nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary 3 000 000 (üç million) manat möçberinde pul baýragy bilen sylaglanyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň çözgüdi bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, ýokary derejeli baýraklara mynasyp bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryna 1 000 ýewrodan, jemi 17 000 (on ýedi müň) ýewro pul baýragyny gowşurmaga ygtyýar berildi.
Mukaddes harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, Garaşsyz Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan goşantlaryny hem-de jemgyýetimizde kanunylygy we hukuk tertibini berkitmekde, asudalygy gorap saklamakda bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir toparyna harby hem-de ýörite atlar dakyldy, hünär derejeleri berildi.