Baş sahypa
\
Medeniýet
Medeniýet
08.11 2016
Seul, 8-nji noýabr /TDH/. Şu gün düzüminde estrada aýdymlaryny meşhur ýerine ýetirijiler, belli sazandalar we tansçylar bolan Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň paýtagtynda geçirilýän türki medeniýetiniň halkara festiwalynyň açylyş dabarayna gatnaşdy.
06.11 2016
Russiýanyň Çeperçilik akademiýasynyň Moskwadaky sergi toplumynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen “Gadymy Merwiň täsin rowaýatlary” atly kitabyň tanyşdyryş sergisi geçirildi.
02.11 2016
Aşgabat, 2-nji noýabr /TDH/. Şu gün paýtagtymyzda “Görogly” şadessanynyň dünýä medeniýetindäki orny” atly halkara ylmy maslahaty öz işine başlady. Geçirmek başlangyjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişli bolan maslahatyň guramaçysy hökmünde ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi çykyş edýär.
26.10 2016
Aşgabat, 26-njy oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynda uly sarpalanýan ussat Şükür bagşy hakynda gürrüň berýän “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly rus dilinde neşir edilen kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy.
26.10 2016
Aşgabat, 26-njy oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan döwlet konserti geçirildi. Sungat ussatlarynyň guran bu baýramçylyk konsertine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
15.10 2016
Aşgabat, 15-nji oktýabr /TDH/. Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýaş aýdymçy çeper höwesjeňleriň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
06.08 2015
Aşgabat, 6-njy awgust /TDH/. Şu gün türkmen paýtagtynda Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy hem-de türkmen we hytaý artistleriniň gatnaşmagynda dostluk konserti boldy.
04.08 2015
Aşgabat, 4-nji awgust (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri açyldy.Iki dostlukly döwletiň Liderleri – Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si Szinpin tarapyndan başy başlanan iri möçberli bu medeni çäre beýik iki medeniýetleriň we halklaryň ýakynlaşmagynda möhüm goşant bolmagyna gönükdirilendir.
26.06 2015
Türkmenabat, 26-njy iýun (TDH). Şu gün Lebap welaýatynyň merkezinde, bu ýerde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde “Aýna” operasynyň ilkinji görkezilişi boldy.
25.06 2015
Türkmenabat, 25-nji iýun (TDH). Hepdeligiň dördünji güni Lebap welaýatyna dolandyryş merkezinde Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde möhüm çäreler geçirildi. Olar diňe Hepdeligiň däl-de, eýsem, tutuş ýurdumyzyň medeni durmuşynyň ähmiýetli wakasyna öwrüldi.
53 sahypa
Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi