Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Ýurdumyzda ahalteke bedewlere bagyşlanylan“At-myrat”atly film görkezilip başlanyldy
Medeniýet
Ýurdumyzda ahalteke bedewlere bagyşlanylan“At-myrat”atly film görkezilip başlanyldy
Çap edildi 22.03.2017
2349

Milli bahar baýramyna gabatlanyp, “At-myrat” atly film ýurdumyzda görkezilip başlanyldy. Bu günler filmiň paýtagtymyzyň “Aşgabat” kino merkezinde we “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde, Marynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda görkezilişi boldy. Şu aýda milli telewideniýäniň ýaýlymlarynda “At-myrat” filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Filmde Merdan atly onki ýaşly oglan hakynda gürrüň berilýär, ol atasy, belli seýis Çerkez aganyň ýanynda bolup, diňe bir atşynaslyk bilen tanyşmak bilen çäklenmän, eýsem, seýisçiligiň inçe syrlaryny öwrenýär, onda behişdi bedewlere hakyky söýgi döreýär. Bedewler bilen ýakyndan tanyşdygyça, onuň daşky gurşawa garaýşy üýtgeýär, onuň gözelligi we sazlaşykly häsiýeti barada düşünje alýar. Ýetginjek ýelden ýüwrük bedewler bilen söhbetdeş bolup, asyllylyk, wepadarlyk, gaýduwsyzlyk we buýsanç, mertebe hem-de edermenlik ýaly müdimilik gymmatlyklaryň many-mazmunyna göz ýetirýär, ussat türkmen seýisleri ahalteke bedewlerinde şeýle häsiýetleri kemala getirdirler. Merdan meşhur çapyksuwar bolmak ýaly asylly maksady öňde goýýar, filmiň “At-myrat” diýlip atlandyrylmagy hem şundan gelip çykýar. Filmiň baş gahrymany düýşünde hem-de özüniň döredijilik hyýalbentliginde geçmişiň ummanyna çümüp, tomaşaçylara hem asyrlaryň jümmüşine yza dolanmaga we Oguzhanyň eýýamyna özboluşly taryhy gezelenç etmäge, hakyky watançylyk we gahrymançylyk ruhuna ýugrulan edermen çapyksuwarlar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Filmiň gurluşy nesilleriň aýrylmaz ruhy baglanyşygyna esaslanýan çuňňur taryhy wakalara hem-de garaýyşlara daýanýar. Resminamalaýyn häsiýetli wideoşekilleriň peýdalanylmagy atşynaslyk, onuň gaýtadan dikeldilmegi hem-de häzirki döwürde ösdürilmegi bilen baglanyşykly milli däp-dessurlar barada düşünje almaga ýardam berýär. Şeýlelikde, wagt we giňişlik çäklerinde beýan edilýän wakalar filmi döredijilere eziz Watanymyzyň geçmişini we häzirki gününi baglanyşdyrýan ýodajygy tapmaga mümkinçilik berýär. Behişdi bedewlere uly sarpa goýýan, at üstünde gezelenç etmäge aýratyn ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş çapyksuwarlar üçin ussatlygyň hakyky göreldesidir. Milli Liderimiziň çapyksuwarlyk ussatlygyna ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň hünärmenleri ençeme gezek göz ýetirendirler. Filmiň gahrymany özüniň uly sarpa goýýan halypasynyň at çapyşyklarynda ýeňiş gazanyşyna, şeýle hem onuň agtygynyň ahalteke bedewinde çapyşyna tolgunmak bilen syn edýär. Merdan hem çapyşyklaryň ýeňijisi bolmagy arzuw edýär, öz ussatlygyny we batyrlygyny, ahalteke bedewleriniň güýjüni, gözelligini, çeýeligini görkezmek isleýär. Onuň bu arzuwy hasyl bolýar, ol ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda ýeňiş gazanýar. Täze film tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrýar, onda sazlar we öwüşginler utgaşýar. Filmde öňe sürülýän esasy pikir işjeň dörediji döwlet we ajaýyp geljegi bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň durmuşy bilen baglanyşyklydyr, ýurdumyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýaly ruhy güýjüň çäksiz çeşmeleri bar, ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan häzirki döwürde durmuşa geçirilýän syýasatda öz ajaýyp beýanyny tapýar. “At-myrat” atly film Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde režissýor K.Annanowyň ýolbaşçylyk edýän topary tarapyndan döredildi. Filmde keşpleri döretmäge gatnaşan belli artistler bilen bir hatarda, oglanyň we onuň atasynyň keşbini sungat bilen ykbalyny baglamadyk, emma atşynaslyk bilen meşgullanýan höwesjeň artistler ýerine ýetirdiler. Munuň özi filmde öňe sürülýän esasy pikiri tomaşaçylara takyk ýetirmäge ýardam berdi.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow