22.12
2016
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli sungaty hem-de binagärligi mudan beýläk-de öwrenmek, gorap saklamak we ösdürmek meselelerini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň häzirki zaman medeni syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ylym hem-de döredijilik işleri üçin ähli zerurlyklar bilen enjamlaşdyrylan birnäçe döwrebap muzeýleriň we teatrlaryň gurulmagy ynsanperwer ulgama berilýän uly ünsüň aýdyň netijeleridir, her welaýat merkezinde täze görnüşli kitaphanalar bina edildi. XXI asyryň tehnologiýalaryndan ugur alan döwlet bilim maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynda ylmy-barlag işleri innowasion derejä çykaryldy, kitap neşirýat işi ösdürilýär, Internet ulgamynda milli serişdeler artýar.
22.12
2016
Şu gün Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň belli amerikan sazandalary bilen bilelikdäki konserti geçirildi. Täze ýyl baýramçylyklarynyň öň ýanyndaky bu döredijilik çäresi Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de ABŞ-nyň ýurdumyzdaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde guraldy.
19.12
2016
Şu günler Aşgabadyň Döwlet sirkinde baýramçylyk mynasybetli daşary ýurtly artistleriň “Müsür şazadasy we nuba ýolbarslary” atly ilkinji sirk maksatnamasynyň çäklerindäki çykyşlar başlandy.
19.12
2016
Şu gün hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Täze ýylyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda guralýan baýramçylyk konsertler tapgyry Russiýa Federasiýasynyň belli aýdymçysy, sahna lakamy Ýolka bolan Elizaweta Waldemarowna Iwansiwiň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Munuň özi ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda halkara derejesindäki medeni çäreleriniň netijeli ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
17.12
2016
Şu günler ýurdumyzyň we halkymyzyň Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk görýän pursatlarynda paýtagtymyzda şanly sene mynasybetli konsertler tapgyry geçrilýär. Bu gün Täze ýylyň öňüsyrasynda guralýan baýramçylyk konserti Özbegistan Respublikasynyň halk artisti Ozotbek Nazarbekowyň çykyşlary bilen dowam etdi.
17.12
2016
“Onuň arabasy bar...” Bu setirleri okanyndan, okujylarymyzyň köpüsi gürrüňiň kim barada barýandygyny aňan bolsalar gerek. Meşhur türk aýdymçysy, dünýä belli estrada ýyldyzy, kino aktýory Mustafa Sandal Täze ýylyň öň ýanynda türkmen paýtagtynda geçirilýän konsertler tapgyrynda çykyş etmek üçin nobatdaky gezek Aşgabada geldi. Paýtagtymyzdaky Sportuň gyşky görnüşleri toplumynyň buzly meýdançaçynda türk ýyldyzynyň konserti boldy.
15.12
2016
Şu gün däp boýunça Täze ýylyň öňüsyrasynda türkmen paýtagtynda geçirilýän konsertler tapgyrynyň başyny Russiýa Federasiýasynyň halk artisti, dürli aýdym-saz baýraklarynyň köpsanlysynyň eýesi Filipp Kirkorow açdy.
08.12
2016
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty tarapyndan neşir edilýän “Miras” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
07.12
2016
Daşoguz, 7-nji dekabr (TDH). Şu gün Daşoguz welaýatynyň merkezinde Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty hökmündäki wezipesiniň tamamlanmagy mynasybetli dabara geçirildi. Ýylyň çärelere baý maksatnamasynyň jemleýji wakasyna gabatlanyp, GDA girýän döwletleriň ýerine ýetirijileriniň estrada konserti boldy.
04.12
2016
Nowruz baýramynyň däp-dessurlary ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynyň üstüni ýetirdi. Bu çözgüt Efiopiýada geçirilen Maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça komitetiniň mejlisinde kabul edildi.