Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmen žurnalistleri “KHBS Belarusda” Halkara sergä gatnaşýarlar
Medeniýet
Türkmen žurnalistleri “KHBS Belarusda” Halkara sergä gatnaşýarlar
Çap edildi 04.05.2017
3306

Sergä dürli ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar: bu ýerde guralan “KHBS Belarusda” atly XXI halkara ýöriteleşdirilen sergi diňe bir ýerli metbugat üçin öz mümkinçiliklerini görkezýän meýdança bolmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä maglumatlar giňişliginiň ugurlaryny, žurnalistikanyň okyjylar, teletomaşaçylar we radiodiňleýjiler bilen özara gatnaşyklarynyň täze ýollaryny hem-de usullaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin foruma öwrüldi. Sergide häzirki zaman köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň okyjylarynyň ünsüni nädip çekýändigini we giň okyjylar we diňleýjiler köpçüliginiň gyzyklanmasyny höweslendirýändigini görmek bolýar. Bu ýerde diwarlyklaryň her biri şol bir wagtyň özünde göçme redaksiýa hem, interaktiw şüweleňe hem, işewür tanyşdyrylyşa hem öwrüldi. Sergide artistler çykyş etdiler, hünärmenler tanyşdyryş çärelerini geçirdiler, gyzykly taslamalary hödürlediler, dürli bäsleşikler guraldy, žurnalistleriň hem-de okyjylaryň bäsleşiklerinde ýeňiş gazananlara baýraklar gowşuryldy, metbugat işiniň syrlary hem-de maglumat ulgamynda bäsdeşligiň ýollary barada pikir alşyldy. Metbugat köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýüzlerçesi – respublikan, sebitleýin, pudaklaýyn we beýleki serişdeler, şeýle hem radio we teleýaýlymlar, neşirýatlar, degişli ýokary okuw mekdepleri sergilerde we tanyşdyryş çärelerinde özleriniň işi barada gürrüň berdiler, okyjylaryň sowallaryna jogap berdiler. “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üýtgeýän dünýäde: hünär ussatlygy we jogapkärçilik” atly maslahat sergi günleriniň esasy wakalarynyň biri boldy. Bu maslahat maglumat howpsuzlygy ýaly möhüm meselä bagyşlandy. Gözden geçirilişiň maksatnamasynda şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň häzirki zaman tehniki mümkinçiliklerine, olaryň işinde marketing strategiýalaryny ulanmaga, täzelikler ulgamyny döretmäge hem-de netijeli usullary we tehnologiýalary ulanmak arkaly olary ilerletmegiň usullaryna bagyşlanan okuw maslahatlary hem-de “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler bar. Serginiň özüniň guralyşy, ýagny ony geçirmegiň usuly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köpçülikleýin wagyz ediş çäreleri ýaly täsir ediş guralyny ulanmagyň aýdyň mysalydyr. Kärdeşleri hem-de media-bilermenleri bilen şeýle duşuşyklara gatnaşmak türkmen žurnalistikasynyň wekilleri üçin uly gyzyklanma döredýär: ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri häzirki wagtda uly özgerişlikleriň bosagasynda dur. Şunda, köpçüligiň ünsüni çekmek köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň esasy wezipeleriniň biri bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda, internet ulgamynda biziň ýurdumyz barada täze we dogruçyl habarlary ýaýratmagyň netijeli ýollaryny gözlemek türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin uly ähmiýete eýedir. Şeýlelikde, tutuş dünýä Türkmenistany ägirt uly mümkinçilikleri, baý medeniýeti bolan ýurt, ählumumy abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbidine oňyn başlangyçlary we giň möçberli taslamalary öňe sürýän hem-de üstünlikli durmuşa geçirýän parahatçylyk dörediji ýurt hökmünde tanamalydyr.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow