01.12
2017
Döredijilik çäresini geçirmek üçin dostlukly ýurduň medeniýet ulgamynyň işgärlerinden we sungat ussatlaryndan ybarat wekilçilikli topar ýurdumyza geler.
01.12
2017
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegi we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyny işlenilip taýýarlanyldy. Bu barada hökümetiň mejlisinde ylym-bilim ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer S.Toýlyýew habar berdi.
30.11
2017
Şu gün Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Rumyniýanyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň dabaraly ýapylyşy we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy.
29.11
2017
Türkmen paýtagtynda Rumyniýanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. Iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan bu döredijilik çäresi türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň üstünlikli ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
17.11
2017
Döredijilik forumynyň maksatnamasyny iki ýurduň ynsanperwer ulgamdaky netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilen çäreleriň ençemesi emele getirer. Olaryň hatarynda dostlukly ýurduň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde kabul edilmegi, muzeý işiniň hünärmenleri bilen duşuşyk, Rumyniýanyň milli egin-eşikleriniň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, kinofilmleriň görkezilişi hem-de bilelikdäki konsert bilen baglanyşykly çäreler bar.
15.11
2017
Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde Özbegistanyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. N.Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň sahnasynda türkmen we özbek artistleriniň bilelikdäki gala-konserti bu döredijilik çäresiniň jemleýji wakasyna öwrüldi.
13.11
2017
Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. Ýokary derejedäki duşuşyklaryň barşynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda geçirilýän bu döredijilik forumy iki halkyň köpugurly hyzmatdaşlygyny depginli ösdürmäge, dostlukly gatnaşyklary berkitmäge bolan ymtylyşlarynyň aýdyň subutnamasy boldy.
10.11
2017
Medeni maksatnama ynsanperwer ulgamda iki goňşy ýurduň netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilen çäreleriň birnäçesi girizildi. Olaryň hatarynda Özbegistandan geljek myhmanlaryň resmii böleginiň ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginde kabul edilmegi, döredijilik işgärleriniň duşuşyklary, kinolaryň görkezilişi, amaly-haşam sungatynyň sergileri hem-de dostlukly ýurduň artistleriniň çykyşlary bar.
26.10
2017
«Aşgabat” köpugurly sport toplumynda ýurdumyzyň baş baýramyna -- Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan uly baýramçylyk dabarasy boldy. Türkmen halky bu baýramçylyga aýratyn hormat bilen garaýar.
26.10
2017
Paýtagtymyzda, Watanymyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda döwlet özbaşdaklygynyň 26 ýyllygynyň hormatyna uly dabaralar geçirilýär. Iň gowy döredijilik işgärleri Maslahat köşgünde çykyş etdiler.