Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Aşgabatda nemes sazandalarynyň konserti geçirildi
Medeniýet
Aşgabatda nemes sazandalarynyň konserti geçirildi
Çap edildi 07.04.2018
2534

“FAVO” to­pa­ryn­dan bo­lan bel­li ne­mes sa­zan­da­la­ry Falk Braýtk­roýs we Fol­ker Şlott, şeý­le hem Bel­gi­ýa­dan gelen ta­ny­mal sa­zan­da San­der de Win­ne paý­tag­ty­my­zyň ilatyny we myh­man­la­ry­ny jaz owaz­la­ry bi­len be­gen­dir­di­ler. Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň il­çi­ha­na­sy bi­len bi­le­lik­de gu­ra­lan kon­sert di­ňe jaz sa­zy­nyň diň­leý­ji­le­ri we muş­dak­la­ry üçin däl-de, eý­sem iki döw­le­tiň ara­syn­da­ky dö­re­di­ji­lik gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mä­ge go­şant­la­ry­ny go­şan sa­zan­da­la­ryň özi üçin hem aja­ýyp sow­gat bol­dy. “Wa­tan” ki­no­kon­sert za­ly­nyň sah­na­syn­da da­şa­ry ýurt­ly sa­zan­da­lar öz eser­le­ri bi­len bir ha­tar­da to­ma­şa­çy­la­ry Bob­bi Mak­fer­ri­niň, Ariel Ra­mi­re­siň, Çik Ko­ria­nyň eser­le­ri­niň ka­wer-gör­nüş­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­dy­lar. Ag­şa­myň mak­sat­na­ma­syn­da jaz sun­ga­ty bo­ýun­ça türk­men sa­zan­da­la­ry hem ne­mes kär­deş­le­ri bi­len bi­le­lik­de “Älem­go­şa­ryň be­lent­li­gin­de” at­ly nus­ga­wy aý­dy­my we “Bu Mas­ka­rad” ese­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. To­ma­şa­çy­la­ryň gol­daw ber­me­gin­de ýur­du­myz­da örän meş­hur bo­lan “Aý­ly ag­şam” aý­dy­my ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Bu çy­kyş­lar diň­leý­ji­le­riň şow­hun­ly el çar­pyş­ma­la­ry bi­len gar­şy­la­nyl­dy.

Soňky habarlar
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow