Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan taýýarlanylýan «Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň her çärýekde neşir edilýän nobatdaky sany çapdan çykdy.
Şu gün paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde ýurdumyzda giňden bellenilýän hem-de ekerançylaryň tutanýerli zähmetine, sahawatly türkmen topragynda ýetişdirilen bol hasyla bolan ählihalk buýsanjyny alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Oba hojalyk toplumynyň edara binasynda kärendeçileri, pagtaçylary, gallaçylary, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmäge mynasyp goşant goşan beýleki oba hojalyk işgärlerini sylaglamak dabarasy boldy.
«Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary» neşiriniň 14-nji goýberilişi Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen 2020-nji ýylda ýurdumyzyň gazanan giň gerimli üstünliklerine bagyşlandy.
Şu gün Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň toplumynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyry hem-de döredijilik işgärleriniň arasynda guralan bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Şu gün paýtagtymyzda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ikinji mejlisi geçirildi. Foruma Hökümet agzalary, ugurdaş düzümleriň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, assosiasiýanyň agzalary hem-de sanly ulgam arkaly daşary ýurtly itşynaslar gatnaşdylar.
Şu gün gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda “Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy” atly okuw sapagy geçirildi.
Şu gün Söwda-senagat edarasynda Aşgabady “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek bilen bagly işleriň çäklerinde utgaşykly görnüşde halkara dizaýnerleriň Aşgabat dialogy geçirildi.
Şu gün Söwda-senagat edarasynda “Dizaýn — 2022” atly Aşgabat forumy we “Araçäksiz dizaýn” atly halkara sergi açyldy.
Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara serginiň we onuň çäklerindäki ylmy maslahatyň dabaraly açylyşy boldy.