29.11
2018
Islendik ýurduň geljegi sazlaşykly ösen, sagdyn we watansöýüji ýaş nesil bolup durýar. Ýaragly Güýçlerde harby gulluk ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek işinde aýratyn orun eýeleýär. “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, harby gullugy 18 ýaşyna ýeten hem-de beden taýdan sagdyn ýaşlaryň hemmesi geçmelidir.
29.11
2018
Ylym tutuş adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr, taryhda ösüşleriň binýadydyr. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylmy we bilimi ösdürmäge uly üns berýär. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň dikeldilmegi milli ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn ösmegine itergi beren taryhy waka boldy. Häzirki wagtda bu edara onunjy ýyl üstünlikli işleýär. Şol geçen döwrüň dowamynda möhüm kanunçylyk namalarynyň birnäçesi — hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda ylym ulgamyny kämilleşdirmek hakyndaky”, “Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işi hakyndaky”, “Bilim işgäriniň derejesi hakyndaky” Kararlary we beýlekiler kabul edildi.
25.11
2018
Daşoguz welaýatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyna bagyşlanan giň gerimli jemgyýetçilik çäreleri ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçirildi.
21.11
2018
Şü gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda BMG-niň Ilat gaznasynyň “Saýlamak hukugynyň güýji: köpelmäge hukuklar we demografiýa çemeleşmesi” ady bilen Ählumumy hasabat — 2018-iň tanyşdyrylyşy boldy. Bu çäre BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilleri, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar.
21.11
2018
Şu gün türkmen-owgan dostluk gatnaşyklarynyň ýylýazgysyna nobatdaky şanly sahypa ýazyldy — Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna gurulýan 500 orunlyk metjidiň we bu ýerden geçýän demir ýoluň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň wekillerinden düzülen topar bu ýerde guralan dabara gatnaşdy.
21.11
2018
Şu gün ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkezinde gurlan köp otagly ýaşaýyş jaýlarynyň birbada üçüsiniň ulanylmaga berilmegi netijesinde şäherli maşgalalaryň elliden gowragy täze jaýlara göçüp bardy.
14.11
2018
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Demokratik partiýanyň I maslahaty geçirildi.
13.11
2018
Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň Bilim ministrligi, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guralan “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergi hem-de ylmy maslahat öz işine başlady.
11.11
2018
Şu gün ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi, bu baýramçylyk däp bolşy ýaly, oba hojalyk ýylynyň, daýhanlaryň zähmetiniň netijelerini jemläp, türkmen topragynyň hasyllylygyny, saçaklarymyzyň berekedini alamatlandyrýar. Onda türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklary we däpleri, jebisligi, zähmetsöýerligi, asyllylygy öz beýanyny tapdy.
09.11
2018
Ministrler Kabinetiniň 9-njy noýabrda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda kitaphana işini ösdürmek boýunça möhüm wezipeleri kesgitledi we bu ulgamda sanlaşdyrmak işi bilen ýakynda geçiren tanyşlygyny umumylaşdyryp, ýurdumyzyň ähli kitap gaznalarynyň birikdirilmegi bilen bir bitewi elektron ulgamy döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.