21.12
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistany ýakyn we orta möhletli geljekde durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek bilen, innowasion ulgamy aýratyn belledi.
18.12
2018
Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän “Ösüşiň täze belentliklerine tarap” diýen ýygyndynyň nobatdakysy — 11-nji jildi çapdan çykdy.
15.12
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda asylly däbe öwrülen belent başly Täze ýyl arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky giň meýdançada oturdylan iň belent arçada geçirildi. Bu ýerde Täze ýyly garşylamak dabaralary ýaýbaňlandyrylýar.
11.12
2018
Bitarap Türkmenistan üçin şanly sene bolan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze binalaryň açylyş dabaralary geçirildi. Dabaralara welaýatlaryň, etraplaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.
08.12
2018
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesiniň golaýynda Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralar bilen bilelikde üstünlikli geçirilen ýörite çäreleriň birnäçesiniň barşynda ele salnan neşe serişdelerini, psihotrop maddalary, ýasama temmäki önümlerini ýok etmek boýunça nobatdaky çäre geçirildi.
06.12
2018
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli binagärligiň ösüşi” atly binagärlik döredijilik sergisi öz işine başlady.
05.12
2018
Sizi «Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi» atly halkara maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu halkara maslahatynyň Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny çuňňur öwrenmekde, häzirki we geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşmakda örän ähmiýetli hem-de netijeli boljakdygyna ynanýaryn.
05.12
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň merkezlerinde “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Türkmeniň ak öýi şekilindäki özboluşly kaşaň bina iri dabaralary we medeni çäreleri geçirmek üçin niýetlenendir.
02.12
2018
Dynç güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Bu ýerde milli Liderimiz ynsan gylykly bedewler bilen didarlaşdy hem-de adaty endigine eýerip, döredijilik bilen meşgul boldy.
29.11
2018
“Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” žurnalynyň täze sanynyň daşky sahaby bu owadan neşiri eline alan okyjyny ilkinji pursatdan tomsuň jümmüşine alyp baryp, Hazar deňziniň güneşli kenaryny ýatladýar. Bu ýerde iýul aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Awaza” akwaparky açyldy. Eger täze dynç alyş merkeziniň düzüminde üsti ýapyk akwaparkyň bardygyny hem göz öňünde tutsaň, onda birnäçe aý mundan ozalky günleriň ýatlanylmagy türkmen dynç alyş künjegine öňümizdäki gyş möwsüminde hem gelmäge çakylyga öwrülýär.