Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Abdrahmanow Şahyma käýinç yglan edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Amanow Batyr Amangeldiýewiçe käýinç yglan edildi.
Dostlukly we doganlyk Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi we halkyňyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn.
17-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, «Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik. Bagtyýarlyk. Röwşen geljek» şygary astynda tutuş ýurdumyz boýunça ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy başlanýar.
Şu gün paýtagtymyzda asylly däbe görä, Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän şanly wakalaryň biri bolan “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa Bahreýn Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň ähli halkyna Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygy bilen gutlaýaryn.