Gurbanow Ýazmuhammedi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Röwşen Jepbargulyýewiç Hojagulyýewi Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Hojamyrat Aşyrmyradowy Balkan welaýatynyň häkimi wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Soltanmyrat Akmämmedowiç Soltanmyradowy Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Annaberdiýew Döwranberdi Orazberdiýewiçi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Mary welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Begençmyrat Sapargeldiýewiç Orazowy Mary welaýatynyň häkimi wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Aýmyrat Baýrammyradowiç Goçmyradow, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat şäheri) baş konsuly wezipesinden boşadyldy.
«Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan işlerimiziň esasyny düzýär. Sebäbi jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi keselleriň öňüni almak we bejermek bilen birlikde, ilatymyzyň durmuş goraglylygy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy, ähli ýaşdaky raýatlarymyzyň, esasan-da, ýaş nesillerimiziň sagdyn ösüşi bilen bagly meseleleri öz içine alýar» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň oktýabrynda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Fransiýa Respublikasynyň milli baýramy — Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Azyk senagaty pudagyny ösdürmek hem-de ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek meseleleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanýar. Ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek, oba hojalyk işleriniň barşy we bu ugra degişli beýleki meseleler Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň, iş maslahatlarynyň gün tertibine girizilýär. Döwlet Baştutanymyz 10-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlary möwsüme taýýarlamak, gowaça we şaly ekilen meýdanlarda geçirilýän ideg işleriniň, şugundyr ekişiniň öz wagtynda geçirilmegini gözegçilikde saklamak boýunça degişli tabşyryklary berdi.