Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hirosi Sasakini kabul etdi.
Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Dünýä halklarynyň köp dürli medeniýetiniň, şeýle hem ruhy ýakynlygynyň kämilleşmegine özboluşly goşant goşjak bu festiwalyň işine uly üstünlik arzuw edýärin.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy.
12-nji noýabrda ýurdumyzda türkmen ekerançylarynyň zehinini we zähmetsöýerligini, mähriban topragymyzyň egsilmez sahawatyny alamatlandyrýan Hasyl toýy giňden bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemagat-durmuş hyzmatlarynyň derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, jemagat hyzmatlarynda peýdalanylýan tygşytlylyk hem-de ekologik howpsuzlyk babatda halkara talaplara laýyk gelýän ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň, ugurdaş tehnikalaryň, gurallaryň we enjamlaryň öndürilişi, şeýle hem olaryň tehniki aýratynlyklary bilen tanyşmak üçin Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti 2023-nji ýylyň 13 — 18-nji noýabry aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda gulluk iş saparynda bolar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bereketli türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Hasyl toýunyň uly dabaralara beslenýän gününde Balkan welaýatynyň edermen daýhanlary pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetirdiler.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň şekil taslamalary we bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Sizi ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenilýän Hasyl toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gazanan uly üstünliklerini, berkarar döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli, karar edýärin: