Sizi täze — 2024-nji ýyl — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň bagtyýar geljegi, türkmen halkynyň abadan, parahat, asuda durmuşy ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
Täze ýylda Size we Siziň ýurduňyza parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw edýärin.
Hormatly Türkmenistanyň Gahryman Arkadagy! Hormatly jenap Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy!
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kuba Respublikasynyň Prezidenti Migel Mario Dias-Kanel Bermudese ýurduň milli baýramy — Kuba Respublikasynyň Azat ediş güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde şäheriň futbol toparynyň türgenleri we ýolbaşçylary bilen duşuşdy, toparyň futbolçylaryny gazanan ajaýyp ýeňişleri bilen gutlap, öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Ruhyýet” köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly uly üstünliklere beslendi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz 2024-nji ýyla hem uly ruhubelentlik bilen gadam basýar.
Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
Sizi ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň beýik üstünliklere beslenip, Täze ýylyň uly ruhubelentlik bilen garşylanýan günlerinde geljek, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, döwletimiziň berkararlygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda çekýän asylly zähmetiňizde mundan beýläk hem üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýärin.